Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy «Köpetdagda»

Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin naýbaşy kubogynyň eýesi belli boldy. Jemleýji bäsleşik Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Deňizçi» topary bilen ýurdumyzyň çempiony «Köpetdagyň» arasynda boldy. 

Ýylyň jemi boýunça iň güýçli topary kesgitlemek ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ugurlaryň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelge indi diňe bir futbolda däl, eýsem, şu ýyldan başlap, futzal bäsleşiginde hem ýola goýuldy. 

Iki çempionyň arasynda geçirilen bu duşuşyk örän çekeleşikli pursatlary bilen tomaşaçylaryň aňynda köp wagtlap saklansa gerek. Bäsleşigiň ýeňijisi jerime urgulary arkaly kesgitlenildi. 

«Köpetdag» bäsleşigiň başynda hasaby açan hem bolsa, oýnuň 30-njy minutyna çenli derwezesine iki topy goýberdi. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň topary oýnuň jylawyny elinde saklap, ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň toparyna howply pursatlary döretmäge mümkinçilik bermedi. 

Bäsleşigiň ahyrky on minutynda Arzuwguly Sapargulyýew («Köpetdag») ilki hasabyň aratapawudyny azaltdy, soňra bolsa 28-nji minutda jerime meýdançasynyň daşyndan güýçli urgy bilen hasaby deňledi. 

Goşmaça wagtda tomaşaçylaryň tolgunmasy has-da artdy. Olar Türkmenistanyň 2018-nji ýylyň jemleri boýunça çempiony derejesine mynasyp bolmaga yhlas edýän toparlaryň oýnuna uly tolgunma bilen tomaşa etdiler. 

Toparlaryň oýunçylary yzly-yzyna hüjüm edip, birek-biregiň derwezesine bir pökgi geçirmegi başardylar. Şeýlelikde, hasap 4:4 boldy. 

Soňra jerime urgulary başlandy. Bäsleşigiň bu görnüşinde «Köpetdagyň» oýunçylary has dürs urmagy başaryp, ýeňiş gazandylar. Olar türkmen futzalynyň taryhynda ilkinji naýbaşy kubogy eýelediler.