Daşoguzly telekeçi toplumlaýyn telekeçilik meýilnamasyny durmuşa geçirýär

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyndan Bekmyrat Myradow döwrebap maldarçylyk toplumyny gurýar. 10 gektara golaý ýerde gara mallary we dowarlary saklamak üçin fermalar, şeýle hem ýylda 100 tonna süýdi hem-de 80 tonna eti gaýtadan işleýän zawod, ugurdaş binalar bolar.
Häzirki wagtda hojlalykda ete niýetlenen gara mallaryň 160-dan gowragy bar. Telekeçi daşary ýurtlardan süýtlüligi has ýokary tohum mallary satyn almagyň hasabyna olaryň baş sanyny artdyrmagy göz öňünde tutulýar. Iýmlik ekinler üçin 160 gektar ýer bölünip berildi.
Häzirki wagtda ýurtda gara mallaryň has önümli görnüşlerini köpeltmek boýunça döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň birnäçesi gurulýar, bu bolsa içerki bazary ýokary hilli et we süýt önümleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün etmäge, şeýle hem pudagyň eksport mümkinçiligni artdyrmaga mümkinçilik berer.