Türkmen paýtagtynda täze seýilgäh peýda bolar

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze seýilgähiň gurluşygy tamamlanyp barýar. “Aşgabatgurluşyk” Önümçilik birleşigi bilen “Jennet ýol” hususy kärhanasy on bir gektardan gowrak ýerde dynç alyş zolagyny kemala getirdiler.
Gurluşykçylar ýodalary we ýollary abadanlaşdyrdylar. Bu ýerde özboluşly landşaft kompozisiýalary, damjalaýyn suwaryş ulgamy döredilen, pürli agaçlaryň iki müňe golaýy oturdyldy, oturgyçlar we bezegli çyralar goýuldy. Daragtlary suwarmak we ýangyna garşy göreş çäreleri üçin ätiýaçlyk suw 325 we 216 kub metrlik beton howuzlarda saklanylar.
Täze seýilgäh şäher düzüminiň wajyp ekologiýa bölegine, sebitiň ilatynyň amatly dynç alyş zolagyna öwrüler.