TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KATAR DÖWLETINE DÖWLET SAPARY BAŞLADY

2017-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Katara döwlet sapary bilen geldi.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Dohanyň halkara howa menzilinden aýratyn möhüm myhmanlar üçin niýetlenen “St.Regis Doha”. kaşaň myhmanhanasyna tarap ugraýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe wagtdan bu ýerden Katar Döwletiniň Emiriniň köşgüne tarap ugrady.

Köşgüň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Baştutanyny Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşüp, ýörite bellenilen ýere geçdiler. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Soňra Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köşge girdiler.Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmany Kataryň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Kataryň Emiri hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdy.

Resmi çäre tamamlanandan soň, döwlet baştutanlary Uly mejlisler zalyna bardyar, bu ýerde iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Dohada geçen gepleşiklerde çykyş edip, bu sapary Türkmenistanyň we Katar döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjek waka hökmünde garaýandygyny mälim etdi. Hormatly Prezidentimiz türkmen-katar gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy, hususan-da, deňiz we howa gatnaşyklaryny ösdürmegi görkezdi.

Halkara düzüminiň çäklerinde ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça garaýşlaryň gabat gelýändigi bellenildi.