Türkmen wekilýeti energiýa tygşytlylygy ulgamynda Ýewropa tejribesi bilen tanyşýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Energetika ministrliginiň, şeýle hem «Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» Döwlet konsernleriniň wekilleri Parižde geçirilýän «Senagatda energiýa tygşytlylygy we uzak möhletleýin energetika meýilnamalaryny taýýarlamak» atly iki günlük seminara gatnaşýarlar.
Seminary Halkara energetika agentligi we Ýewropa Bileleşigi EU4Energy Maksatnamasynyň ugry boýunça guradylar. Halkara energetika agentliginiň we Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri duşuşyga gatnaşýan GDA ýurtlarynyň wekillerini energiýa tygşytlylygy we bu ugurda uzak möhletleýin meýilnamalary taýýarlamak babatda öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrýarlar.