TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝB-NIŇ WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

Şu gün,7-nji iýulda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda kabul edilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine degişli bolan meseleleriň giň toplumy boýunça pikirler alyşyldy.

Şunuň bilen baglylykda taraplar ýokarda görkezilen Strategiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen bagly bolan iş ýüzündäki meseleleriň birnäçesine seredip geçdiler. Şunlukda Strategiýanyň ileri tutulýan üç sany ugrunyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen köptaraplaýyn gurallaryň döredilmegine aýratyn üns berildi.  

Türkmen wekiliýeti «ÝB-Merkezi Aziýa» formatynyň ähli gatnaşyjylarynyň arasynda howpsuzlyk, energetika, ulag, ekologiýa, bilim we medeniýet ýaly strategiki taýdan ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlyk häsiýetli özarahereketleriň giňeldilmegi boýunça takyk teklipler bilen çykyş etdi.