TÜRKMEN ARTISTLERI - HALK TANSLARYNYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINIŇ HATARYNDA

Ýakynda Türkiýäniň Bursa şäherinde «Altyn Garagöz» ady bilen halk tanslarynyň 33-nji halkara bäsleşigi tamamlandy, bu bäsleşikde Türkmenistanyň «Laçyn» tans-saz folklor topary ikinji orny eýeläp, kümüş kuboga we pul baýragyna mynasyp boldy.

Bu bäsleşik Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň howandarlygynda geçirildi, bu guramanyň esasy maksady türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini höweslendirmekden, umumy maddy we medeni gymmatlyklary gorap saklamakdan hem-de geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr.

Bu halkara bäsleşigi diňe bir türki dilli halklaryň arasynda meşhur bolmak bilen çäklenýän däldir. Şu gezekki tans boýunça bäsleşiklere ýigrimi alty ýurtdan, şol sanda Meksikadan, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan folklor toparlary gatnaşdylar.

«Laçyn» tans-saz folklor topary bu abraýly bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny hem-de adatlaryny saz we tans sungatynda ussatlyk bilen görkezdiler. Artistleriň ajaýyp milli lybaslary, nepis nagyşlar bilen bezelen şaý-sepleri olaryň çykyşlaryna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bu toparyň şu gezekki üstünligi, olaryň ussatlygynyň we döredijilik başarnyklarynyň ykrar edilmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Toparyň agzalarynyň sahna keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi hem-de ukyp-zehini tomaşaçylarda gyzgyn seslenme döretdi.

«Laçyn» tans-saz toparynyň agzalary Watanymyza gaýdyp gelen badyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletimiziň milli medeniýetiniň ösdürilmegine berýän uly ünsi hem-de halkara bäsleşiklerine we festiwallaryna gatnaşmak bilen türkmen halkynyň baý mirasyny wagyz etmäge döredilen mümkinçilikler we belent hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.