Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmak, gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça konsepsiýany durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlaryň esasy maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçiligiň okgunly ösüşiniň ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň, dünýäniň iň gowy tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikiri we innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň hasabyna üpjün edilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kabul edilen döwlet hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýete geçmek boýunça konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, ony durmuşa geçirmegiň ähli derejede döwlet edaralary ulgamynyň dolandyryş kuwwatyny we netijeliligini artdyrmaga, dürli düzümleriň hem-de jemgyýetiň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilmelidigini belledi. Milli Liderimiz bank we maliýe edaralarynyň öňünde durýan wajyp meselelere ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny köpeltmek, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda öndürilýän taýýar önümleriň eksportuny artdyrmak maksady bilen, nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilişi, bu ýerde täze ulanyş we gözleg guýularynyň burawlanylyşy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý ýangyç serişdelerinden netijeli we rejeli peýdalanmagyň ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, täze geljegi uly ýataklary senagat taýdan özleşdirmek möhüm wezipe bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasynyň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy. Bu iri gaz käni ilkinji tapgyrda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini “mawy ýangyç” bilen üpjün etmelidir.
Milli Liderimiz dünýädäki iri bu gaz käniniň ägirt uly kuwwata eýedigini aýdyp, munuň tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermek hem-de gazy gaýtadan işleýän senagaty yzygiderli ösdürmek, halkara bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri çykarýan döwrebap önümçilikleri döretmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaga daşary ýurt maýadarlaryny çekmek hem-de nebitgaz ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan esasy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça işleri işjeňleşdirmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permanyň taslamasyny hödürledi.
Wise-premýer şu ýylyň 12 — 14-nji sentýabrynda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi. Bu çärelere ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, dürli ýurtlardan kärhanalaryň we işewürleriň 120-ä golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergini we maslahaty ýokary derejede geçirmek maksady bilen degişli maksatnama taýýarlanyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy ulgamynda has ýokary görkezijileri bilen dünýä döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýändigini belledi. Bu pudaklaryň işgärleri kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar, uly ähmiýetli milli we halkara derejeli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiz Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky Permana gol çekip, wise-premýere täze hünär baýramynyň döredilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergini we ylmy maslahaty guramak baradaky meselä geçmek bilen, düýpli özgertmeler ýoluna ynamly düşen Türkmenistanda bu pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ugurdaş düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde, iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Häzirki wagtda bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar, umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze, geljegi uly ugurlaryna çykmak üçin bu mümkinçilikleri doly herekete girizmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Milli Liderimiz energetika pudagynda gazanylanlaryň sergisiniň we maslahatynyň hödürlenilen maksatnamasyny makullap, wise-premýere şolaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli düzümlerde daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan azot, fosfor we kaliý dökünleri çykarylýar.
Şeýle hem toplumlaýyn mineral dökünleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Onuň düzüminde birnäçe serişdeler bolar. Şu maksat bilen, degişli senagat desgasynyň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigi yglan edildi we ýeňiji kesgitlenildi. Türkmenabadyň himiýa zawodynyň binýadynda guruljak we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek täze ulgamyň kuwwaty ýylda 170 müň tonna önüme barabar bolar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň pudaklaýyn düzümlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek, önümleriň täze görnüşlerini, şol sanda oba hojalygy üçin zerur bolan we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belledi.
Azot, fosfor, kaliý we beýleki düzümleri özünde jemleýän toplumlaýyn mineral dökünleriň önümçiliginiň ykdysady taýdan bähbitlidigini nazara alanyňda, onuň ýerli çig maly netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellemek ýerliklidir. Bu döküniň obasenagat toplumynda dünýä tejribesinde köp ulanylýandygy üçin onuň milli himiýa senagatynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda uly geljegi bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we hödürlenen taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde 26-njy awgustda geçirilen türkmen-singapur işewürler forumynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Işewürler duşuşygyna şu ýurduň iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar Türkmenistanyň umumy ykdysady ýagdaýy hem-de onuň maýa goýum kuwwaty, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan, ýurdumyzy senagat-innowasion esasda ösdürmäge, önümçilige ylmyň gazananlaryny, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýete geçmäge gönükdirilen özgertmeler bilen tanyşdyryldy.
Umuman, forum türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklary, ýurdumyzyň söwda we maliýe ulgamyndaky syýasaty bilen tanyşdyrmak, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de maýa goýum gatnaşyklary üçin netijeli çärä öwrüldi.
Nebitgaz, himiýa, dokma senagatyny ösdürmek, şähergurluşygy, jemagat hojalygy, ulag-logistika, aragatnaşyk, bank işi ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada pikir we tejribe alşyldy. Iki ýurduň işewür düzümleriniň hem-de hususy kärhanalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Singapur tarapy ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyryldy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň wekilleriniň 41 duşuşygy geçirildi hem-de hyzmatdaşlyk hakyndaky bilelikdäki resminamalara gol çekildi. Ylalaşyklara laýyklykda, mundan beýläk-de gatnaşyk etmek maksady bilen, indiki forumy Türkmenistanda geçirmek teklip edildi. Munuň özi singapurly işewürler tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi. Olar täjirçilik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça tekliplerini aýtdylar.
Bir söz bilen aýdylanda, işewürler maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän oňyn syýasaty netijesinde, dünýä giňişliginde barha möhüm orun eýeleýän Türkmenistan bilen uzak möhletli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etdi.
Işewürler forumyň çäklerinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi hem geçirildi. Onda görkezilen önümçilik pudaklarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hususy kärhanalarynyň ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan arassa önümleri Singapuryň işewürler birleşiginiň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçiriljek sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 23 — 24-nji sentýabrda geçiriljek ägirt uly gözden geçiriliş Söwda senagat edarasynyň binasynda guralar. Şol ýerde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň, häkimlikleriň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 70-den gowrak sergi diwarlyklary gurnalar.
Sergide senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, energetikada, ulag hem-de aragatnaşykda, söwda we hyzmatlarda, maliýe hem-de bank ulgamlarynda we beýleki ugurlarynda garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler giňden görkeziler.
Durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda, ýurdumyzyň sebitlerinde, Aşgabatda amala aşyrylýan özgertmeler barada gürrüň berýän diwarlyklarda beýan ediler. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümlerini görkezer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Singapurda geçirilen işewürler maslahatynyň, onuň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, başlanan gepleşikleri, şol sanda telekeçilik ugry boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada görkezmeleri berdi. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda telekeçilige möhüm orun degişlidir.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi barada aýtmak bilen, özygtyýarly ösüşiň 28 ýylynyň dowamynda ähli ugurlarda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň giňden beýan edilmeginiň wajypdygyny nygtady we wise-premýere bu giň möçberli gözden geçirilişiň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda dynç alyş güni berilmezden bellenilýän şanly seneleriň sanawyna üýtgetmeleri girizmek hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi bellemek hakyndaky Permanlaryň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz degişli Permanlara gol çekdi we bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.
Soňra wise-premýer zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň etraplarynyň saýlama tapgyrlarynda bäsleşige çagalar döredijilik toparlarynyň 75-si gatnaşdy. Şonda zehinli çagalaryň 1457-si çykyş etdi.
Şu günler bäsleşigiň jemleýji konsertine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşiginiň zehinli çagalary ýüze çykarmaga, olaryň höweslendirilmegine we ukyplaryny durmuşa geçirmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň baş maksadynyň ýaşlaryň döretmäge bolan gyzyklanmalaryny hemmetaraplaýyn goldamakdan ybaratdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz şeýle çäreleriň terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygyny, olaryň ösüp barýan ýaş nesillerde durmuş we raýatlyk duýgularyny kemala getirmäge, şahsyýeti kämilleşdirmäge gönükdirilen ruhy-watansöýüjilik taýdan möhümdigini aýratyn belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa sentýabr aýynda meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyna Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, ýörite sergiler, bäsleşikler, ylmy we pudaklaýyn maslahatlar, sport ýaryşlary hem-de türkmen medeniýetiniň we sungatynyň, ýurdumyzyň ösüş ýolunda gazananlarynyň giňden wagyz edilmegine gönükdirilen aň-bilim häsiýetli köpçülikleýin gezelençler girizildi. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly baý mazmunly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, paýtagtymyzdaky “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 160 orunlyk çagalar bagynyň, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde umumybilim berýän orta mekdepleriniň açylyş dabaralary bolar. Şeýle hem sentýabr aýynda Mary welaýatynyň Mary we Baýramaly şäherlerinde ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berler.
“Koreýanyň hepdeligi”, saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumy ýaly halkara çärelerini hem geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň uly konserti hem-de köpugurly “Aşgabat” stadionynda sahnalaşdyrylan çykyşlar guralar. Baýramçylyk güni paýtagtymyzda Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresi, dabaraly ýöriş, “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada aýdym-sazly dabara bolar.
Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hem-de ýurdumyzyň döredijilik işgärlerine Garaşsyzlyk baýramynyň 28 ýyllygy mynasybetli hormatly atlary dakmak dabaralarynyň göz öňünde tutulýandygyny hem-de bu çäreleriň 7-nji sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljekdigini habar berdi. Şeýle hem onuň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çäreleriniň hakyky türkmen toýuna mahsus derejede, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Dabaralaryň her biri baý many-mazmunly bolup, Türkmenistanyň umumadamzat, ynsanperwerlik taglymlaryna esaslanýan oňyn syýasatynyň düýp mazmunyny açyp görkezmelidir.
Döwlet Baştutanymyz beýik baýram mynasybetli ulanylmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miwesidigini aýdyp, bu dabaralary ýurdumyzyň sebitlerinde ýokary derejede guramak barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlaryna anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her ýyl geçirilýän hem-de milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegini höweslendirýän we täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna ýardam edýän “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ähmiýetini belläp, wise-premýere bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak, şeýle hem ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Şu günler ýerleri güýzlük bugdaý ekişine taýýarlamak, sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmek, tagt suwuny tutmak, gerekli tohumlary we oba hojalyk tehnikalaryny geljek ýylyň hasyly üçin ekişe taýýarlamak işleri dowam edýär. Gowaçanyň hatar aralaryny bejermek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehniki kada laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy möwsümine taýýarlygyň çäklerinde kabul ediş bölümleriň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, pagta ýygyjy kombaýnlaryň we awtoulaglaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär.
Wise-premýer hormatly Prezidentimizden güýzlük bugdaý ekişine we welaýatlaryň toprak-howa şertlerini nazara alyp, pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermek barada haýyş bilen ýüzlendi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, häzirki döwürde obasenagat toplumynda güýzlük bugdaý ekişi we pagta ýygymy ýaly jogapkärli möwsümiň gelip ýetendigini belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynda hem gowy netijeler gazanylýar.
Ýurdumyzda daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de toprakdan bol hasyl öndürmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Olar ýokary hilli tohumlar, dökünleriň dürli görnüşleri, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary hem-de ýeterlik mukdarda suw serişdeleri bilen doly üpjün edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişiniň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, gallaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipeler durýar.
Milli Liderimiz ekiş möwsüminiň gysga wagtyň içinde, ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, bu möwsümde geljek ýylyň hasylynyň düýbüniň tutulýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji sentýabryndan başlap, bugdaý ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata berýändigini aýdyp, asylly däbe görä, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Her bir dänäňiz müň bolsun, edermen gallaçy babadaýhanlar!” diýip, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçy babadaýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlasly zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almagy hem-de belent sepgitlere ýetmegi arzuw etdi.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda edermen pagtaçylarymyzyň ösdürilip ýetişdirilen, milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna hem-de belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynanýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy. Pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, milli Liderimiz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 11-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 18-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.
Hormatly ýaşulularyň pagta ýygymyny “Bismilla!” bilen başlap bermeklerini haýyş edýärin, ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz hormatly pagtaçylara harmanyňyza bereket diýip ýüzlendi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlar, şol sanda Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy berkitmegiň we giňeltmegiň Bitarap Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Birleşen Arap Emirlikleri bilen däp bolan we sazlaşykly ösýän dostlukly gatnaşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň mart aýynda BAE bolan resmi saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň DIM-i şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar.
Dubaýyň dünýäniň iri maliýe, işewürlik we ulag merkezleriniň biridigini nazara alyp, şeýle hem halkara kadalaryna laýyklykda konsullyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu şäherde Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak boýunça taýýarlyk işleri ýerine ýetirildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary syýasata ygrarlydygyny belledi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek bilen, döredijilik başlangyçlaryny öňe sürýän we diplomatiýa babatda uly üstünlikler gazanýan Türkmenistanyň dünýäniň giňişligindäki abraýy belende galýar hem-de sazlaşykly ösýän döwletleriň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar.
Birleşen Arap Emirlikleri bilen ýola goýulýan gatnaşyklar barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyz BAE bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Ýokary hem-de hökümet derejesinde, daşary syýasat edaralarynyň ulgamy boýunça yzygiderli guralýan gatnaşyklar, abraýly sebitara we halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar, şeýle hem ägirt uly şertnamalaýyn-hukuk binýadyň döredilmegi taraplaryň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga bolan meýilleriniň nobatdaky subutnamasydyr.
Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy, Aşgabatda bolsa BAE-niň ilçihanasy hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, Dubaý şäherinde ýurdumyzyň Baş konsullygynyň açylmagy iň oňat dostluk däpleri, deňhukukly, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-emirat gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam eder. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, degişli resminama gol çekdi we bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri, Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Häzirki wagtda Mejlis täze kanunçylyk namalarynyň üstünde işlemegi dowam edýär hem-de ilata hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça çäreleri görýär.
Jemgyýetçilik guramalary, degişli ministrlikler we ýerli häkimiýet edaralary bilen bilelikde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Resminama binýady taýýarlanylýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmekde milli parlamentiň möhüm ornuny hem-de saýlawçylaryň deputatlara bildiren ynamy bilen baglylykda olaryň ýokary jogapkärçiligini belledi. Milli Liderimiz umumymilli forumyň ýokary derejede guralmagynyň ähmiýetini nygtap, Halk Maslahatynyň gün tertibine girizilýän meseleleriň ählisiniň üstünde içgin işlemegiň zerurdygyny belledi.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.