Ýurdumyzyň gündogarynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri çykarýan hususy kärhanalar gurulýar

photo

Lebap welaýatynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän kiçi hem-de orta telekeçilik kärhanalaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda bu pudakda kiçi önümçilikler ulgamy hereket edip, olarda iş orunlarynyň ýüzlerçesi döredildi.

2019-2025-nji ýyllarda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýakyn ýyllarda Çärjew etrabynda gaplanan önümleri çykarýan zawod, yşyklandyryş enjamlary üçin tok bölüji gutylary, alýumin penjireleri we işikleri, polietilen turbalary taýýarlaýan, şeýle hem örtgülik kerpiçleri çykarýan täze önümçilikleri gurmak hem işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Gazojak, Halaç, Dänew, Hojambaz, Saýat etraplarynda bezeglik keramiki kerpiç taýýarlaýan kiçi zawodlar peýda bolar. Döwletli etrabynda hersiniň ýyllyk kuwwaty 50 müň tonna garyşyk gurluşyk materiallaryny çykarýan önümçilikleriň ikisi gurlar. Eýýäm kiçi kärhanalaryň köpüsiniň gurluşygyna başlanyldy.

Maksatnama oba hojalyk pudagyna-da degişlidir. Kerki etrabynda ýylda 10 müň tonna şaly arassalaýan zawodyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Köýtendag etrabynda ýylda 500 tonna guş etini we 2 milliondan gowrak ýumurtga öndürmäge niýetlenen döwrebap ferma gurlar. Halaç we Saýat etraplarynda hem mehanizmleşdirilen döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.