Lebap welaýatynda emeli jeňňeliň düýbi tutulýar

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi – Türkmenabatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) bilelikdäki taslamasynyň tanyşdyrylyşy boldy, taslama Özbegistanda-da durmuşa geçirilýär.
Duşuşyga taslama gatnaşmaly hyzmatdaşlaryň – oba hojalyk we ekologiýa pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň düzümleýin bölümleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Buýan» Obasenagat toplumynyň hünärmenleri çagyryldylar.
Ýygnananlar ýerden peýdalanmaga, şeýle hem goralýan ýerleriň daşynda ýerleşýän tebigy jeňňellikler toplumyny saklap galmaga we dikeltmäge ekoulgamlaýyn çemeleşmeklige ünsi çekýän konsepsiýa bilen tanyşdyryldy.
Munuň özi iş 2020-nji ýylyň maý aýyna çenli Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 10 gektar synag meýdançasynda jeňňelligi dikeltmekligi aňladýar. Şu jähtden agaçlaryň görnüşleri we olary oturtmagyň usullary barada maslahatlar berildi. Çäräniň guramaçylarynyň aýtmagyna görä, bu işe şu ýylyň güýzünde girişiler.
Çärä sebit taslamasynyň ýolbaşçysy Karolina Milow hem-de özbek tarapyndan taslamanyň assistenti Muhabbat Kamalowa dagy gatnaşdylar.