ILGI Omega kysymly ýer tekizleýji lazer enjamlaryň ilkinji tapgyry gelip gowuşdy

photo

Ozal ýer tekizlemek üçin adaty skreperler, buldozerler we ýer tekizleýji enjamlar ulanylan bolsa, indi bu işi aňryçäk takyklykda lazer enjamlary ýerine ýetrirýär. Olaryň biri Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Hazar innowasion tehnologiýalar sergisinde görkezilipdi.

Ýurdumyzyň Oba hojalyk we ekologiýa pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň wekilleri onuň artykmaçlyklaryna baha berip, önüm öndürijä olaryň 40-syny almaga tabşyryk berdiler. Onuň düzüminde zarýadly batareýalarda işleýän ykjam enjamlar, traktoryň akkumulýatoryndan tok alýan elektronika, şeýle hem topragy tekizleýän we oýlary dykyzlandyrýan susakly uly tirkeg bar. Case New Holland konserniniň Türkmenistandaky resmi dileri «Bereketli atyz» HK-nyň wekili Begli Meredowyň aýtmagyna görä, oba hojalyk we ekologiýa pudakalýyn dolandyryş edarasynyň tabşyrygy bilen Türkiýede öndürilen asma susagynyň ini alty metr ILGI Omega kysymly ýer tekizleýjileriň 16-sy gelip gowuşdy we olar eýýäm Ahal welaýatynyň meýdanlarynda işledilýär. Enjamlaryň ýene bäşisi ýörüte hususy pudak üçin satyn alyndy.