Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary

photo

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy.

Garaşsyzlyk güni — biziň Baş baýramymyz özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi hem-de milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir adamda watançylyk duýgusyny oýarýan mukaddes düşünjedir. Bu düşünje özünde ägirt uly many-mazmuny jemläp, Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine nazar aýlamaga ýardam edýär.

Ýurdumyz Garaşsyzlygyň nurana ýoly bilen ynamly öňe gidip, kuwwatly we abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde tutuş dünýäde abraýyny ýylsaýyn belende galdyrýar. Milli Liderimiziň milletler bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan oňyn başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mukamlar köşgünde dörän ruhubelentlik hem-de baýramçylyk ruhy beýik baýramy täze zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan bagtyýar türkmenistanlylaryň başdan geçirýän buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny aýdyňlyk bilen görkezdi. Düýn paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda döwlet Baştutanymyz özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna ägirt uly goşant goşan türkmenistanlylary ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de hormatly atlary dakmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her bir baýramçylykda sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary guralýar. Bu dabaraly çäreler Garaşsyz türkmen döwletiniň we jemgyýetiň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar. Ýurdumyzda milli medeniýeti has-da baýlaşdyrmak we ýaş zehinleri ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredildi. Mukamlar köşgünde geçirilen konserte gatnaşan köp sanly tomaşaçylar hem muňa göz ýetirdiler. Olaryň arasynda şu baýramçylyk günlerinde ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlar hem bar.

Baýramçylyk konserti Türkmenistanyň Gahrymany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň — eziz Watanymyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazan, ähli türkmenleriň Arkadagynyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryny wasp edýän «Şamçyragym Arkadag!» atly watançylyk aýdym bilen başlandy. Mejlisiň ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzdan, jemgyýetçilik guramalaryndan gelip gowşan köp sanly haýyşlary we teklipleri nazara alyp, milli Liderimize Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakyndaky Karary ägirt uly hormat-sarpanyň hem-de ählihalk söýgüsiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňra konsert «Dokmaçylar» folklor toparynyň «Arkadagym toý tutýar, toýumyza gel, toýumyza!» atly kompozisiýasy bilen dowam etdirildi. Bu çykyş uly türkmen toýuna mahsus bolan dabarany emele getirdi.

Ekranda görkezilýän wideoşekiller Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şöhratly ösüş ýoluny, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän, şöhratly ata-babalarymyzyň mukaddes ýörelgelerine, parasatly hem-de ynsanperwer däplerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň aýdyň netijelerini beýan edýär.

Ýaş türkmenistanlylaryň — «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň, çagalar aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk konsertine özboluşly öwüşgin çaýdy. Olar sungatyň dili arkaly eziz Watanymyz — bagtyýar çagalygyň ýurdy barada täsirli gürrüň berdiler. Diýarymyzda ýaş neslimiz baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Milli öwüşgine eýe bolan çagalaryň döredijilik joşgunyna beslenen çykyş tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Şu konsertiň tapawutly aýratynlygy, türkmen sungatynyň baý kuwwatyny şöhlelendirýän çykyşlaryň köpdürlüliginden ybaratdyr. Konsertdäki köp öwüşginli çykyşlar 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen berk baglanyşyklydyr.

Joşgunly çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň başyny başlan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işleri, mähriban topragymyzyň gözelligi, müdimi adamzat gymmatlyklary wasp edildi.

Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, belli halk aýdymçylary, opera ussatlary hem-de türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Olaryň tomaşaçylara sowgat beren ajaýyp çykyşlary, ýerine ýetirijilik başarnygy zalda uly gyzyklanma döretdi, döwrebap audioşekilli tehnologiýalaryň ulanylmagy bolsa baýramçylyk dabarasynyň öwüşginini has-da artdyrdy.

Konsertde ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisiniň folklor toparlary «Bäş welaýat — bäş dogan, bir supranyň başynda» atly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Bu çykyş döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz ruhy baglanyşygyny, döredijiligiň joşgunyny alamatlandyrdy.

Bu ýerde guralan dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimiň döreden sazyna täze aýdymyň ýaňlanmagy özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Milli Liderimiz Kerimiň täze saz döredendigini we oňa aýdym ýazmak üçin ýurdumyzyň döredijilik işgärlerine degişli teklip edendigi hemmelere mälimdir. Ine, bu gün bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýunda Kerim Berdimuhamedowyň sazyna Gözel Şagulyýewanyň sözleri goşulyp döredilen täze aýdym ilkinji gezek ýaňlandy.

Sungat ussatlarynyň bilelikde ýerine ýetiren «Ýaşa, Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe!» atly täze aýdym ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde bitirilýän beýik işleriň, uly rowaçlyklara beslenip gelen şanly baýramçylygyň mukaddes senasy bolup eşidildi.

 

* * *

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralar agşam «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň merkezi stadionynda dowam etdi. Bu ýerde Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini beýan edýän dürli mazmundaky çykyşlary özünde jemleýän aýdym-sazly baýramçylyk tomaşasy ýaýbaňlandyryldy.

Sport meýdançasynda dabara gatnaşyjylar Oguzhanyň ýyldyzyny şekillendirýärler. Onuň merkezinde «XXVIII» diýen ýazgy bar. Şanly sene ýurdumyz üçin ähmiýetli nyşanlaryň bezelmeginde şekillendirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Tomaşaçylaryň we ýygnananlaryň sesleri birleşip, adamlaryň kalbyny Watanymyza bolan buýsanç duýgulary dolduryp, halkymyzyň mizemez jebisligini alamatlandyrýar.

Çykyşlaryň başyny watançylyk duýgularynyň çuňlugyny, türkmenistanlylaryň mähriban Watanymyza bolan buýsanjyny beýan edýän aýdym-sazly kompozisiýa açdy. Kepderileriň tansyny şekillendirýän horeografiýa toparlarynyň çykyşy onuň dowamy boldy. Ýaýbaňlandyrylan hereketlerde bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatda daýanýan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýaly milli däpleriň sazlarda we tanslarda beýan edilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň gazananlary bolan Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň, dünýäde deňi-taýy bolmadyk döwrebap senagat kärhanalarynyň gurluşyklary baýramçylyk çykyşyna gatnaşyjylar tarapyndan döredijilikli çemeleşilipdir.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy — ak mermerli Aşgabady ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şoňa görä-de, bu mowzuk hem çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Wideoşekiller arkaly görkezilen ýurdumyzyň baş şäheriniň täsin desgalary, ony gurmagyň taslamalary Watanymyzyň okgunly durmuşyny beýan edýär.

Stadionyň ylgaw meýdançasynda halkymyzyň köpasyrlyk buýsanjy we gymmaty bolan meşhur ahalteke bedewleri peýda bolýar. Hakykatdan-da, ajaýyp atlaryň gözelligine we okgunlylygyna, çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän atçylaryň çalasynlygyna haýran galýan tomaşaçylar olara agzybirlik bilen el çarpdylar.

Soňra toý ýörişi bilen türkmen alabaý tohumynyň wekilleri geçýärler. Çykyşlaryň bu bölegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” diýen täze kitabynyň mazmunyna beslenendir. Bu eser milli Liderimiziň halkymyzyň baý milli mirasyna bagyşlanan kitaplar tapgyrynyň dowamy bolup, Garaşsyzlyk gününe ildeşlerimize ajaýyp sowgat boldy.

Baýramçylyk çykyşlaryna «Çagalar — Watanymyzyň gülleri» diýen çykyş bilen çagalar tans toparlary goşulyşýar. Joşgunly aýdym-sazlar astynda hemme çagalar tans edýärler, dürli milli oýunlary oýnaýarlar. Tanslarda we belent heňli aýdymlarda bagtly ykbal, öz ajaýyp geljegine ynamly ýaşlygyň şatlygy wasp edilýär.

Çykyşlaryň aýratyn bölegi bereketli türkmen topragyna, tebigatyň gözelligine hem-de ekerançylaryň zähmetine bagyşlandy. Folklor we horeografiýa toparlary türkmen saçagynyň berekedini artdyran möwsümleýin oba hojalyk işlerini döredijilikli görkezýärler.

Soňra stadionyň meýdançasynda joşgunly aýdym-sazyň astynda türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda ajaýyp görkezme çykyşlar ýaýbaňlanýar. Olar sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlygyny görkezýär. Bu çykyşlar ýurdumyzda yglan edilen hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygaryň ähmiýetini özboluşly ýüze çykarýar.

Paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň aýdym-saz we horeografiýa çykyşlarynda nesil dowamaty, halkymyzyň medeni gymmatlygynyň deňsiz-taýsyz ähmiýeti beýan edildi. Şunda taryh depginli ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň şu güni bilen sazlaşykly utgaşdy.

Gadymy küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi çykyşlaryň jemleýji bölegine öwrüldi. Onda artistler türkmenistanlylaryň milli Liderimiziň töweregine jebisligini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň ägirt uly işleriniň ählisi mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ýürekden söýýän Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilendir.

Sport meýdançasynyň merkezinde Garaşsyzlyk binasynyň şekili hem-de «XXVIII» diýen ýazgy peýda bolýar. Baýramçylyk dabarasy tamamlanyp barýar. Berkarar döwletimiziň şan-şöhratyny dünýä dolduran hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözleri uly joşgun, egsilmez buýsanç bilen beýan edilýär, çärä gatnaşyjylaryň ählisi we köp sanly tomaşaçylar Garaşsyz, Bitarap Watanymyza, öz Arkadagy — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen barýan halkymyza bagyşlanan aýdymy bilelikde ýerine ýetirýärler.