Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň ýolbaşçysynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine ýakynda geçirilen Halk Maslahatynda kabul edilen kararlary ýerine ýetirmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, şeýle hem käbir beýleki meseleler bilen bagly wezipeler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň deputatlarynyň alyp barýan işleri barada habar berdi. Hususan-da, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda uly üstünlik bilen geçirilen Halk Maslahatynda kabul edilen kararlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Mälim bolşy ýaly, Halk Maslahatynda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly Esasy Kanuna — Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, bellenilen tertibe laýyklykda, konstitusion toparyň birinji mejlisini ýakyn wagtda geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu toparyň işiniň we geçiriljek çäreleriň meýilnamalaryny, şeýle hem mejlisde serediljek meseleleriň sanawyny hem-de beýleki meseleleri tassyklamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Bu meselelere konstitusion toparyň mejlisinde seretmek üçin gowy taýýarlanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň mirasy döwrebap derejede ösdürilýär, halkymyzyň gadymdan gelýän milli mirasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ynsanperwer maksatlaryny şöhlelendirip, halkymyzyň kalbynda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Şoňa görä-de, ildeşlerimizden gelip gowuşjak teklipler hemmetaraplaýyn öwrenilmelidir, täze kanunlar işlenip taýýarlanylanda nazara alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimiziň esas goýujy hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan ugur alnyp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy ulgamlarynda bolup geçýän düýpli özgertmeler bilen baglylykda, konstitusion reformalaryň amala aşyrylandygyny belledi.

Bu bolsa jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berdi diýip, milli Liderimiz bu işi dowam etmegiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda täze ýagdaýlary beýan etmegiň zerurdygy bilen şertlendirilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kanun çykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň kanunçykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wezipeleri hem-de şu günüň talaplary bilen şertlendirilendigini belläp, Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek boýunça işleriň geçirilmeginiň hem zerur bolup durýandygy bilen baglylykda, şol meseleleri çözmegiň möhümdigini aýtdy.

Türkmenistanyň hukuk ulgamyny özgertmekde we Esasy Kanunyny kämilleşdirmekde iň gowy dünýä tejribesinden, halkara ölçeglerden ugur alynmalydyr we halkara hukugyň esas goýujy kadalaryna eýerilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Öňümizde durýan örän uly ähmiýetli hem-de ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň uzak möhletleýin maksatlary geljekde hem üýtgewsizligine galar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu bolsa demokratik döwletimiziň, adalatlylyk ýörelgesine laýyklykda ynamly öňe gitmäge esaslanan raýat jemgyýetimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmegi göz öňünde tutýar. Şu işlerde milli parlamentiň deputatlarynyň ornuna uly ähmiýet berilýär.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzda gyş möwsümine taýýarlyk görlüşi, şunuň bilen baglylykda, mekdeplerde, çagalar baglarynda we ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamynyň desgalaryny abatlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, hasabatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda, hususan-da, şu ýylyň dekabrynda Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, alnyp barylýan ähli gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, desgalaryň, esasan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly binalaryň, söwda merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň bellenilen möhletlerde hem-de ýokary hil derejesinde gurulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady abadanlaşdyrmak meseleleriniň hem toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýändigini belläp, bu ugurda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem wise-premýere energetika ulgamyny, ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine taýýarlamak babatynda birnäçe anyk görkezmeler berildi.

Türkmenistanyň we dünýä bileleşiginiň durmuşynda Halkara Bitaraplyk gününiň ähmiýetini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy toý lybasyna beslemek, öňküsinden has-da gözelleşdirmek, ony döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde gurluşyklaryň depginini güýçlendirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyp, güýzlük bugdaý ekişi, pagta hasylyny ýygnamak, beýleki möwsümleýin çäreleriň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň öz wagtynda çözülmeginiň aýratyn möhümdigine ünsi çekip, pagta ýygymy möwsümini zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek bilen bagly ähli meseleleri öz wagtynda çözmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda geçirilýän işleriň depgininiň güýçlendirilmelidigine wise-premýeriň ünsüni çekip, alnyp barylýan bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenilen möhletinde üstünlikli tamamlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagtaçylaryň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen «ak altynyň» bereketli hasylyny doly ýygnap almak üçin ähli maddy-enjamlaýyn mümkinçilikleri has rejeli we netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Munuň özi oba zähmetkeşleriniň ýurdumyzda noýabr aýynda giňden belleniljek Hasyl toýuna ajaýyp sowgady bolar.

Milli Liderimiz ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny geçirmegiň, ekerançylyga döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, geljek ýylda gowaça ekiljek meýdanlaryň möçberiniň artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geljek ýazda täze ýerlerde agrotehniki işleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmegiň, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.