Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

photo

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Myhman milli Liderimize GDA-nyň giňişliginde umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda häzirki ýagdaýlary hem-de mümkinçilikleri nazara almak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga Türkmenistanyň işjeň çemeleşýändigi bellenildi.

Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz GDA-nyň howandarlygynda ýokary guramaçylyk derejesi bilen tapawutlanan möhüm duşuşyklaryň we forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde möhüm çäreleriň birnäçesi geçirildi, şolaryň hatarynda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň hem-de Ykdysady geňeşiniň mejlisi örän netijeli häsiýete eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň öz dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdygyny belledi. Arkalaşygyň çäklerinde däbe öwrülen gatnaşyklara ygrarly bolmak bilen, Bitarap Türkmenistan GDA gatnaşyjy döwletleriň halklaryny birleşdirýän, taryhy taýdan kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalyşýar.

Şu ýyl GDA-nyň başlygy bolmak bilen biziň ýurdumyz bu wezipäni ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşip, köpugurly döwletara gatnaşyklary giňeltmek, oňa täze itergi bermek ugrunda çykyş edýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman Arkalaşygyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, şol sanda söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk, energetika, döwrebap tehnologiýalar ýaly möhüm ugurlarda, işewür düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilmegi bellenilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasyna serediler. Bu resminamanyň kabul edilmegi däbe öwrülen döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder.

Şu ýylyň maýynda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň döredijilik hem-de ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy hem bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda özara peýdaly gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam etdi.

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ähli geçirilýän çäreleriň ajaýyp guralýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şunuň bilen birlikde, myhman awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Oňa GDA-nyň ähli ýurtlarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary bar bolan köpugurly kuwwatyň amala aşyrylmagynyň GDA-nyň ýurtlarynyň arasyndaky umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine kybap gelýän dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň has-da berkidilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.