Sergeý Lawrow: döwlet Baştutanlary GDA-ny berkitmäge gönükdirilen strategik çözgütleri kabul ederler

Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşysy Sergeý Lawrow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edende: « Biz daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýäris» - diýdi.
-Şu gün biz Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren örän wajyp resminamasyny sazlaşdyrmak işini tamamladyk. Men şunda GDA döwletleriniň arasynda daşary syýasat ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi ýokarlandyrmak Maksatnamasyny göz öňünde tutýaryn.
Ol halkara guramalarynda, şol sanda ÝHHG ýaly sebit düzümlerini hem öz içine alýan beýleki guramalaryň çäklerinde geljekki işler üçin örän wajyp we örän peýdaly resminamadyr. Ikinjiden, Beýik Watançylyk urşunda sowet halkynyň gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy mynasybetli dünýä halklaryna Ýüzlenmäniň taslamasy kabul edildi, oňa döwlet Baştutanlary gararlar. Degişli şanly çäreleri BMG-nyň we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ilerletmek barada ylalalşdyk.
Daşary işler ministrleriniň Geňeşi üçin täze resminama goldanyldy, russiýa tarapynyň teklibi bilen älem giňişliginde ýaraglanşygyň öňüni almak hakynda ministrleriň beýannamasy kabul edildi. Bu ugurda käbir döwletlerde şeýle meýilleriň bardygy barada howsala döredýän ýagdaýlar köpelýär. Älemde ýaraglary ýerleşdirmezligiň şertlerini ylalaşmak üçin olara ünsi çekmek we gepleşikleri geçirmek örän wajypdyr.
Halkara maglumatlar howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň taslamasy, özara harby hereketi berkitmek, şol sanda bilelikdäki aragatnaşyklar ulgamyny döretmek barada resminamalar kabul edildi. Umuman, gün tertibine köp mesele girizildi, sammiti gowy taýýarlanandyrys diýip pikir edýärin. Döwlet Baştutanlarynyň wajyp we GDA-ny çuňlaşdyrmaga hem-de berkitmäge gönükdirilen strategik çözgütleri kabul etjekdiklerine ynanýaryn – diýip Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy belledi.