«Maryazot» ÖB-nde suwuk kaustiki soda çykarmaga girişildi

photo

«Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň «Maryazot» önümçilik birleşiginde islegli reagent bolan suwuk kaustiki soda çykarylyp başlandy. Natriý gidroksidi (ýiti natr) köp ýerde: dokma senagatynda wiskoza ýüpegini taýýarlamakda we matalary agartmakda, durmuş himiýasy serişdelerini öndürmekde, lukmançylykda we farmasewtikada, jemagat hojalygynda (suw çykarmakda we ony arassalamakda), şeýle hem dürli enjamlaryň, detallaryň, inwentarlaryň garyşyk hapalaryny aýyrmakda ulanylýar.

Şu islegli reagenti öndürmek üçin kärhananyň hünärmenleri ýerli çig malda işleýän tejribe-senagat enjamyny işläp taýýarladylar we gurdular. Önümçilikçiler TYA-nyň Himiýa institutynyň «Tebigy we gidromineral çig malyň himiýasy we tehnologiýasy» laboratoriýasynyň işgärleri bilen bilelikde suwuk kaustik çykarmaga wagtlaýyn tehnologik reglamenti önümçilige ornaşdyrdylar.

Alymlar laboratoriýa şertlerinde natriý gidroksidini almagyň hekli usulyny synagdan geçirdiler. Häzirki wagtda «Maryazot» ÖB-nde çykarylýan reagent TDS -2263-79 ölçegine doly laýyk gelýär we ol ýurdumyzyň himiýa hem-de nebit-gaz pudaklarynda ulanylar.