RIMDE ÝOKARY DEREJELI TÜRKMEN-ITALÝAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Rimiň “Fýumiçino” halkara howa menzilinde türkmen Liderini Italiýanyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni halkara howa menzilinden sapar mahalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň kabulhanasy ýerleşen “Rome Kawalýeri” myhmanhanasyna ugrady.
7-nji noýabrda ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy italýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen iş ertirlik naharyna gatnaşdy. Ertirligiň dowamynda italýan kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işini giňeltmek barada konstruktiw söhbetdeşlik geçdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa resmi saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýany bilen diňe döwlet däl-de, eýsem ýurdumyzyň hususy sektorynyň wekillerinden ybarat bolan uly wekiliýet hem gitdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte bilen duşuşdy. Ýurduň Premýer-ministriniň “Kiji” kabulhanasynda geçen duşuşygyň resmi bölümiden soň gepleşikler ikiçäk düzümde, soňra bolsa Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçdi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça özarabähbitli gatnaşyklary geljekde berkitmäge ygrarlydygyny bellediler.
Gepleşikleriň ahyrynda iki ýurduň dürli edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge iterjek, şeýle-de energetika, senagat, ulag, ylym-bilim we beýleki pudaklardaky işini kadalaşdyrýan ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi.