SPEKA-NYŇ YKDYSADY FORUMYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA “AŞGABAT BAŞLANGYJY” KABUL EDILDI

2019-njy ýylyň 20-21-nji noyabrynda Aşgabat şäherinde «Arabaglanyşyk: SPEKA sebitinde durnukly ulag we ösüş hem-de söwdanyň ýeňilleşdirilmegi» mowzugy boýunça SPEKA-2019 Ykdysady forumy geçirildi.

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde guralan foruma, halkara guramalaryň yolbaşçylary we hünärmenleri, SPEKA-nyň agza-döwletleriniň wekilleri, maliýe guramalaryň, şeýle-hem Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň we ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumda çykyş eden Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň, ESKATO-nyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň, şeýle-hem Türkmenistandaky BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri Türkmenistanyň konstruktiw sebitleýin we halkara gepleşigini ösdürmek işinde eýeleýän möhüm orny barada aýtdylar. Şeýle-hem özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň arasynda söwda we ulag ulgamlarynyň ýer alýandygy nygtaldy. 

Çärä gatnaşyjylar söwda gatnaşyklaryny alyp barmagyň kadalaşdyryjy tertibini ýenilleşdirmek hem-de ulag ulgamlarynyň arabaglanyşygyny ösdürmek mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Taraplar sebitleýin bazarlara elýeterliligi ýenilleşdirmek, şol sanda hem üpjünçiligiň serhetara torlarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen öz tekliplerini we maslahatlaryny berdiler. Bu tagallalaryň SPEKA-nyň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky arabaglanyşygyny güýçlendirmäge gönükdirilip, bularyň öz nobatynda sebite täze maýa goýumlarynyň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň çekjekdigini bellenildi.

Forumyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar SPEKA-nyň sebitinde arabaglanyşygy pugtalandyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň kadalaryny, standartlaryny we maslahatlaryny ulanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda böwetleri azaltmak boýunça «Aşgabat Başlangyjyny» kabul etdiler.