Türkmenistanda Efiopiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Girma Temesgen Barkessadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi, öz nobatynda, hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip hem-de milli Liderimize Efiopiýanyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirip, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ugur edinýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan, döwletiň we jemgyýetiň okgunly ösmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmelere aýratyn üns berildi.

Türkmen-efiopiýa hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni ulgamlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi.

Şeýle hem ilçi Mejlisiň düzümi hem-de alyp barýan işleri, türkmen Lideriniň başyny başlan demokratik özgertmeleriniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmeginde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.

Döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty giň halkara goldawyna eýe bolan Bitarap Türkmenistanda Efiopiýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtmak bilen, ilçi öz tarapyndan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.