«Täjibaý» meýdançasynda ilkinji onlarça million kub metr gaz çykaryldy

Lebap welaýatynyň günortasynda «Täjibaý» atly täze gaz käni senagat taýdan işlenilmäge girizildi. «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri bu ýerde «mawy altyn» çykarmaga başladylar. Ilkinji gazly guýydan onlarça million kub metr gymmatly çig mal alyndy. Gaz guýysynyň önümliligi bir gije-gündizde 450 müň kubmetrden gowrak çig mal çykarmaga ukyplydyr. Şol bir wagtyň özünde barlag guýylarynyň ýene üçüsi gazylýar.
«Täjibaý» täze gaz käni 20 ýyldan gowrak mundan ozal ulanmaga berlen «Malaý» iri gazly meýdançanyň golaýynda ýerleşýär. Ýakyn ýyllarda täze guýylary ulanmaga bermegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylyşy ep-esli artar.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri şu ýyly gowy zähmet görkezijileri bilen tamamlaýarlar. Ýylyň başyndan bäri 8 milliard kub metrden gowrak «mawy altyn» we 50 müň tonnadan gowrak dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan açyk reňkli nebit önümlerini çykarmak üçin gymmatly çig mal bolan gaz kondensaty alyndy.