Türkmenistanda reňkli aýna öndürmegiň innowasion tehnologiýasy özleşdirildi

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň ýurdumyzyň aýna senagatynyň iri kärhanasy bolan «Turkmen aýna önümleri» kombinatynyň hünärmenleri önümiň täze görnüşini özleşdirdiler. Gök we ýaşyl reňkli list aýnanyň bir tapgyry (ýarym million kwadrat metre golaý) çykaryldy. Gaýtadan gyzdyrylanda we uzak möhletleýin ulanylanda hem onuň reňki üýtgemeýär.
Reňkli önüm öndürmekde reňkleýji madda hökmünde aýna ýasaýjylar demir we kobalt okisini ulandylar. Bu molekulýar reňkleýjiler aýna massasyna goşulansoň oňa doly garylyp gidýär. Aýna gaýnap durka oňa belli bir derejede margensiň, nikeliň, hromyň oksidlerini goşup, reňkleriň dürli görnüşlerini alyp bolýar.
Aýnany molekulýar usulda reňklemekden başga-da, kärhanada ion-plazma we magnetron reňk sepmek usuly-da ulanylýar, bu bolsa önümiň ýüzüne alýumin, kümüş, titan, nikel, hrom ýaly dürli metallaryň erginini, şeýle hem olaryň garyndysyny sepmäge we gök, ýaşyl, kümüşsow, altynsow hem-de beýleki reňkli önüm çykarmaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, metalliki sepme usuly aýna goşmaça peýdaly sypatlary berýär. Mysal üçin, kombinatda magnetron usulda reňk sepilmegi netijesinde energiýa tygşytlaýjy gara aýna alynýar.
Innowasion tehnologiýalar arkaly öndürilýän reňkli aýnalar witražlar döredilende, binalaryň daşyna aýna goýlanda, olaryň iç bezeginde, gülçyralar we bezegli aýna konstruksiýlar önümçiliginde, şeýle hem gap-gaçlary, dürli esbaplary, lukmançylyk, foto we wideo enjamlary, beýleki önümleri taýýarlamakda giňden ulanylýar.