Resmi habarlar

photo

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran 1160-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 1377-nji Karary, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran 1487-nji Karary, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ýaşaýyş jaýlaryny hem-de içerki we daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we gaz ulgamlaryny gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda çykaran 1506-njy Karary esasynda gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşygynda daşary ýurtlardan getirilmegi zerur bolan enjamlaryň we materiallaryň bahasyny tölemek üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» 1487-nji Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň döwlet serişdelerinden 1 465 747 129,60 (bir milliard dört ýüz altmyş bäş million ýedi ýüz kyrk ýedi müň bir ýüz ýigrimi dokuz bitin ýüzden altmyş) amerikan dollaryny bölüp bermek bellenildi.