Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika

2019-njy ýylda köp sanly desgalaryň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň ajaýyp miwesidir, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň kuwwatynyň barha artýandygynyň subutnamasydyr.
Ýokary maýa goýum işjeňligi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bu gün gurluşyk toplumy ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag we durmuş düzümini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri hem-de eksport ugurly harytlary öndürýän täze kuwwatlyklary döretmek, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýan bu maksatnamalaryň we taslamalaryň çäklerinde ähli ýerlerde senagat, durmuş we medeni maksatly desgalaryň köp sanlysy gurulýar, şäherlerimiz hem-de obalarymyz abadanlaşdyrylýar.
Ak mermerli Aşgabat binagärlik toplumynyň ajaýyp keşbi bilen haýran galdyrýar. Soňky ýyllarda bularyň üsti ajaýyp binalaryň we desgalaryň onlarçasy, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlary bilen ýetirildi.
Paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjeginde ýerleşýän Parahat — 7 ýaşaýyş toplumy munuň aýdyň mysalydyr. Şol ýerde her aýda diýen ýaly, täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berilýär. Şolarda eýýäm aşgabatly maşgalalaryň müňlerçesi ähli amatlyklary özünde jemleýän öýlere göçüp bardylar.
Bu ýaşaýyş toplumyny gurmagyň möhüm bölegi hökmünde täze Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumy güýçli depginler bilen ösýär. Bu toplum jemi 30 gektardan gowrak meýdanda, Ýunus Emre, Alty Garlyýew, Baba Annanow hem-de «10 ýyl Abadançylyk» köçeleriniň çäklerinde guruldy.
Soňky ýyllarda bu ýerde dokuz gatly jaýlaryň 100-den gowragy ulanmaga berildi.
Şu günler gurluşygy dowam edýän binalardan başga-da, ýene-de belent ýaşaýyş jaýlarynyň 23-sini gurmak meýilleşdirilýär. Şolaryň düýbi 2019-njy ýylyň maý aýynda, Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda tutuldy.
Ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda çagalar we sport meýdançalary, giň ýollar, durmuş maksatly desgalar — mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary, dükanlar we beýleki zerur desgalar hem gurulýar.
Başgaça aýdylanda, ilatymyzyň netijeli işlemegi, okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şolaryň hemmesi raýatlarymyz üçin elýeterli bolmalydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bularyň ählisi türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary ülňülerini üpjün etmäge ýardam etmelidir.
Aşgabady ösdürmegiň möhüm ugry bolan şäher gurluşygy köp babatda paýtagtymyzyň ykdysady ösüşini hem-de maýa goýum mümkinçiliklerini we işewürlik ýagdaýyny kesgitleýär.
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipelerini çözmekde paýtagtymyzyň goşandy, möhüm halkara syýasy, işewür, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmünde ähmiýeti we orny barha artýar.
Bu ýerde, Türkmenistanyň baş şäherinde diňe bir ykbal çözüji çözgütler kabul edilmän, eýsem, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli taryhy wakalar bolup geçýär, umumy ösüşe we özgertmelere kuwwatly itergi berilýär, tutuş ýurdumyzda işiň depginini ýokarlandyrmaga ýardam edýän giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýakyn geljekde Aziýanyň merjen şäherini bezejek täze desgalaryň hatarynda Türkmenistanyň Halkara kongresler merkezi, Döwlet münberi, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň binalary, Halkara ýanyk kesellerini bejeriş merkezi, Halkara estetiki bejeriş merkezi, kaşaň «Garagum», «Arkadag» myhmanhanalary, «Nusaý» myhmanhana toplumynyň ikinji nobatdakysy hem-de beýlekiler bar.
Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirjek ýadygärlik gurulýar.
Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda «Welosiped» binasy peýda bolar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri bolan welosiped sporty ýurdumyzda okgunly ösüşe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi.
Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze ajaýyp binalar, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi peýda bolar. Bu taslamany amala aşyrmagyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyrylandygyny bellemelidiris.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekilleri toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Gurluşyk ulgamy hem telekeçilik işiniň okgunly ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi.
Geçen ýylyň 25-26-njy maýynda paýtagtymyzda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII halkara köpugurly sergi bu gün Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek babatda gazanylan üstünlikleri we onuň geljegini aýdyň görkezdi.
Her ýyl geçirilýän bu gözden geçiriliş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ähli ýerlerde giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Şol özgertmeler bolsa paýtagtymyzyň keşbinde öz beýanyny tapdy.
Bu gün Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň biridir. Forumda hödürlenen taslamalaryň köpüsi geçen ýyllaryň dowamynda üstünlikli amala aşyryldy. Diýarymyzyň baş şäherinde ajaýyp binalaryň örän köp sanlysynyň gurulmagy onuň gözelligini has-da artdyrdy. Özboluşlylygy hem-de giň gerimliligi bilen tapawutlanýan bu desgalaryň ençemesi ýurdumyzyň buýsanjyna öwrülip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Gözden geçirilişe ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň wekilleriniň 100-e golaýy hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary hasaplanylýan «Bouygues Turkmen», «NATA», «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret», «Dorožnoe stroitelstwo «Altkom», «Interbudmontaž» kompaniýalary gurluşyk desgalarynyň nusgalaryny, innowasion işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary, şol sanda suw üpjünçiligi we yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, işjeň dynç almak ulgamy ugurlarynda täze tehnologiýalary hödürlediler.
2019-njy ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyny görkezmek bolar.
Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurulýan täze şäher 70 müňden gowrak ýaşaýja niýetlenendir. Iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragyny, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 10-syny, her biri 720 orunlyk orta mekdepleriň 19-syny gurmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, başlangyç hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň, sungat mekdepleriniň hem ikisi göz öňünde tutuldy.