Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Maliýe — ykdysadyýet ulgamy

photo

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçen, 2019-njy ýylyň makroykdysady netijeleri Garaşsyz, berkarar ata Watanymyzyň agrar ýurt bolmagyndan senagat taýdan ösen döwlete öwrülendiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol özgertmeler mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Diýarymyz Garaşsyzlygynyň 28-nji ýylynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda mazmuny çuňňur beýan edilen syýasy ýörelgäni amala aşyryp, maliýe durnuklylygyny, durmuş ulgamy bilen birlikde, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegi başardy.

Bu ýagdaý şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde tassyklandy. Döwlet Baştutanymyz geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijelerine baha berip, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan käbir meseleleriň geosyýasatda we ykdysadyýetde dartgynlylygyň artdyrmagyna garamazdan, uly üstünlikler gazanylandygyny nygtady hem-de dürli pudaklardaky ösüşiň görkezijilerini aýdyň mysal hökmünde getirdi.

Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasaty we umuman, düýpli özgertmeleriň baş ugrunyň netijesinde mümkin boldy. Şol özgertmeleriň özeninde ylmy çemeleşme, hojalygy sowatly dolandyrmak we ýurduň ägirt uly mümkinçiligini doly hem-de ählitaraplaýyn amala aşyrmaga ýardam berýän strategik meýilleşdirme ýaly möhüm ugurlar durýar.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde geçen ýylyň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň ösüşini görkezip bolar. 2019-njy ýylda bu görkeziji 6,3 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,1 göterime, söwdada 14,2 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,1 göterime barabar boldy.

Ykdysady özgertmeleri geçirmekde ýurdumyzyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda bolan hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleri goldamaga tehniki taýdan kömek berýän Halkara pul gaznasynyň bilermenleriniň pikirine görä, bu görkeziji dünýäde iň ýokary görkezijileriň biridir hem-de Merkezi Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň arasynda iň ýokary görkezijidir.

Beýleki statistiki maglumatlar barada aýdylanda, döwlete degişli bolmadyk ulgamyň oňyn netijelerini bellemek gerek. Umuman, önüm öndürmek ulgamynda 65,3 göterim hususy işewürligiň paýyna düşýär. Görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, önümleriň eksporty 2018-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 4,6 göterim köpeldi hem-de 9 milliard manatdan hem agdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan býujet syýasaty ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdejileriň çykdajylardan agdyk ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hakyky ýagdaýlar göz öňünde tutulyp düzülýändigini, onda pul serişdeleriniň has oýlanyşykly, maksatlaýyn ulanylmagynyň nazara alynýandygyny bellemek möhümdir.

2019-njy ýylyň netijeleri boýunça Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde getirilen maglumatlar munuň subutnamasydyr. Şonda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 100,6 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 99,9 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi.

Bazar gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyryndaky şertlerde ilatyň durmuş goraglylygy aýratyn gözegçilikde durýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Döwlet býujetiniň köp möçberdäki maýa goýumlary (her ýyl 70 göterimden gowrak) ýangyç-energetika, obasenagat ýaly ileri tutulýan toplumlar, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly pudaklar, ulag we maglumat-aragatnaşyk düzümleri bilen bir hatarda, «akylly ulgama» — bilime, ylma, saglygy goraýşyň, medeniýetiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirildi.

Ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokary derejesiniň saklanylmagy syn berilýän ýylda durmuş strategiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, 2019-njy ýylda döredilen 11 müň iş orny munuň subutnamasydyr.

Bu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin zerur bolan ýagdaýlar halk hojalyk toplumynyň ösüşiniň ýokary depgininiň, maýa goýum işjeňliginiň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde mümkin boldy. Ykdysady özgertmeleriň geriminiň artyşyna görä, zähmet bazary kemala gelýär. Ol bolsa adamyň öz ukybyny islegine görä peýdalanmagyna degişli hukugyna esaslanandyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işçi güýjüni netijeli peýdalanmak boýunça çäreleriň görülmegini, iş üpjünçilik meselesiniň çözülmegini, ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukugyny amala aşyrmagy üçin şertleriň döredilmegini 2020-nji ýyl üçin ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Diýarymyzyň gülläp ösüşine şaýatlyk edýän ýene-de bir möhüm görkeziji türkmenistanlylaryň hakyky girdejileriniň ýokarlanmagyna degişlidir. Ol aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň her ýyl ýokarlandyrylmagynyň, şeýle hem döwletiň oýlanyşykly baha syýasatynyň, hususy başlangyçlary goldamagyň hem-de beýleki çäreleriň hasabyna üpjün edilýär. Şu babatda geçen ýylyň her bir ýylda bolşy ýaly bolandygyny — ortaça aýlyk iş hakynyň 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, görnetin köpelendigini bellemek gerek.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň netijelerini jemläp, 2020-nji ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetiniň sazlaşykly häsiýete eýedigine aýratyn ünsi çekdi. Onda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini nobatdaky gezek 10 göterim artdyrmak göz öňünde tutuldy.

Durnuklaşdyryş gaznasynyň ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýyna oňyn täsir edýändigi gürrüňsizdir, onuň serişdeleri ileri tutulýan maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. Bu bolsa oňaýsyz daşarky ýagdaýlaryň halk hojalyk toplumynyň käbir ulgamlaryna täsirini peseltmäge mümkinçilik berýär, iş öndürijiliginiň artmagyny hem-de hojalygy dolandyrmagyň innowasion usullaryna geçilmegini üpjün edýär. Ätiýaçlandyryşa hem örän uly üns berilýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklarynda bu ulgamyň ösdürilmegi hakyky zerur şerte öwrülýär. Geçen ýyl, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, bu ulgamy düzgünleşdirýän öňki hereket edýän kadalar we düzgünler täzelenildi.

Ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek maksady bilen, 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlary bilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy bilen baglanyşykly zeleliň agyrlyk derejesine baglylykda, tölemäge degişli bolan ätiýaçlandyryş bahasynyň (ätiýaçlandyryş öwezini dolmak) möçberini kesgitlemegiň düzgüni; ýokary töwekgelçilikli şertleri bolan önümçiliklerde işleýän işgärleriň, önümçilikdäki heläkçilikli wakalardan we hünär sebäpli kesellemelerden işgärleriň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda düzgünnama tassyklanyldy.

Býujet-karz ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler yzygiderli ykdysady ösüşe hem-de düzümleýin we durmuş meseleleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Maliýe ulgamynyň durnuklylygy milli pulumyz bolan manadyň durnuklylygyny, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynyň arasynda pul serişdeleriniň çeýe, oýlanyşykly paýlanylmagyny, maýa goýum işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi.

2019-njy ýylyň esasy wakalarynyň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» tassyklanandygyny, şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilip başlanandygyny bellemek gerek. Şol maksatnamalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Şol maksatnamalaryň her biri strategik ugurlar boýunça hereket etmegiň anyk meýilnamalaryny özünde jemleýär hem-de pudaklaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýär. Bu resminamalaryň kabul edilmegi bilen köp derejeli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň nobatdaky tapgyryna badalga berildi.

Şunuň bilen baglylykda, bu maksatnamalaryň we konsepsiýanyň möhüm ugurlaryna, şeýle hem eýýäm geçirilen hem-de meýilleşdirilen işlere gysgaça syn berilse, ýerlikli bolardy.

Ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu resminamalarda kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipelerden ugur alyp, 2020-nji ýylda maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň öňündäki işleriň möhüm ugurlaryny kesgitländigini bellemek wajypdyr.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz pudaklary depginli ösdürmegiň we sanly ulgama geçirmegiň, diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň durnukly ýokary ösüş depginini saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna gözegçiligiň güýçlendirilmegine, içerki bazaryň eksport önümlerine bolan baglylygyny azaldyp, onuň giňeldilmegine aýratyn üns çekdi.

Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ulgamlaryna uly möçberdäki pul serişdeleriniň maýa goýulmagy, möhüm pudaklaryň döwrebap tehnologik ýagdaýa getirilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda agzaldy. Diýmek, iri maýa goýumlary kompýuter tehnikalarynyň önümçiliginiň, gurluşyk senagatynyň, deňiz we demir ýol ulaglarynyň, oba hojalygynyň we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ösdürilmegine, ylmy-barlag hem-de tejribe-konstruktorçylyk işlerine gönükdirilmelidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, banklar güýçli depgin bilen ösýär. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösmeginde hem-de bähbitli şertlerde dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagynda banklara aýratyn orun berilýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilen statistiki maglumatlara görä, bu ulgamda oňyn görkezijiler gazanylýar.