TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNINE BAGYŞLANAN YLMY-PRAKTIKI MASLAHAT GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2020-nji ýylda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günine bagyşlanan “Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti” atly ylmy-praktiki maslahaty geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sergi hem ýaýbaňlandyryldy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti” atly ylmy-praktiki maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy. Onda berkarar Watanymyzyň ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygy barada beýan edildi.