Döwlet muzeýinde açylan sergi Halkara Nowruz gününe bagyşlandy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan sergi açyldy.

Gündogarda gadymy döwürden bäri baharda gije-gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýän Nowruz 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda ÝuNESKO-nyň Adamzadyň madddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda bolsa BMG-nyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Halkara Nowruz güni» rezolýusiýasyna laýyklykda Nowruz halkara güni diýlip yglan edilip, onuň taryhyny öwrenmegiň, şeýle hem Nowruz bilen bagly däpleri saklap galmagyň hem-de wagyz etmegiň möhümligi nygtaldy.

Döwlet muzeýiniňň baýramçylyk sergisi täze durmuş tapgyrynyň nyşany bolan we parahatçylyksöýüjilik, açyklyk we hoşmeýilli goňşuçylyk ýaly ynsanperwer ideallary özünde jemleýän Nowruza bagyşlanan dürli çeper eserler bilen tanyşdyrýar.

Žiwopis, amaly-haşam sungaty eserleri, etnografik kolleksiýalar, nepis şaý-sepler Nowruzyň gelip çykyş taryhyna nazar aýlamaga we onuň bilen baglanşykly däp-dessurlaryň ösüşini yzarlamaga, Nowruz baýramynyň dürli öwüşgünli ruhuny duýmaga, nesilden nesle geçýän milli tagamlary we semeni taýýarlamak däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.