Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Mohammad Aşraf Ganini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady.

Milli Liderimiz gutlagynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara hormat goýmagyň, ynamyň hem-de ýakyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammad Aşraf Ganä berk jan saglyk we bagtyýarlyk, şeýle hem doganlyk Owganystanyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 

                                                                                                                                                                                    ***

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä we ähli doganlyk owgan halkyna Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi we abadançylyk hem-de ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz gutlagynda Nowruz baýramynyň parahatçylygy hoşniýetli goňşuçylygy, raýdaşlygy we tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy alamatlandyrýandygyny, täze günüň, täze başlangyjyň buşlukçysy bolup durýandygyny belledi. Bütin adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen bu nurana baýram belent ynsanperwerlik maksatlaryny özünde jemlemek bilen, halklaryň arasynda agzybirligi we dostlugy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp baýramçylygyň goňşy ýurduň Baştutany hem-de ähli doganlyk owgan halky üçin bagtyýarlyk, şatlyk hem-de täze üstünlikleriň baýramyna öwrülmegini arzuw etdi.