img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Tatarystanyň Baştutany türkmen ýygyndysynyň Aziýadada üstünlik gazanjakdygyna ynam bildirdi

photo

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidendi Ruslan Minnihanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ugratdy, ol ýerde Türkmenistanda mähirli kabul edilendikleri we Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär. 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabaralary mende uly täsir galdyrdy. Size Tatarystanyň wekiliýetiniň Aziada çärelerine gatnaşmagy ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin sag bolsun aýdýaryn. Ýaryşlaryň üstünlikli geçmegini, Türkmenistanyň toparyna bolsa ýeňijileriň hormat münberinde mynasyp orun eýelemegini arzuw edýärin – diýip hatda aýdylýar.