Türkmenistan BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Jarnamasyny durmuşa geçirmekde ilkinji ädimini ätdi

Şu gün Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan Bosgunlar toparynyň agzalaryny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşandyklary üçin hormatly sylaglary hem-de sowgatlary gowşurmak barada tabşyryk berip, bu çäräniň BMG-niň Adam hukuklary baradaky 36-njy maslahatynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygy we adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamany durmuşa geçirmekde ilkinji ädim bolup durýandygyny belledi. 

Şu gün agşam Olimpiýa şäherçesinde gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy, oňa V Aziadanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýygyndy toparlarynyň tälimçileri we agzalary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. 

Bu çäre Olimpiýa şäherjiginiň meýdançasynda aýdym-sazyň owazynyň astynda ýüzlerçe myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirildi, olaryň hatarynda “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylar hem bar. Ol köpöwüşginli tomaşa öwrüldi, dabarada dürli medeniýetleriň wekilleri köpçülige belent ynsanperwerlik taglymlaryny getirmek ýaly asylly maksatlar üçin jebisleşdiler. 

Türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekdir we olaryň hatarynda ynsanperwer ugurly halkara düzümleri bilen gatnaşyklar aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy bolmak bilen köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. 

Şeýle hem biziň ýurdumyzyň 2013-nji ýyldan bäri Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň agzasy bolup durýandygy we bu gurama bilen bilelikde anyk halkara maksatnamalaryny we taslamalary durmuşa geçirýändigi bellenildi. Şu günler BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 36-njy maslahaty geçirilýän Ženewa şäherinde 15-nji sentýabrda Jarnamanyň biragyzdan kabul edilmegi şeýle hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleriniň biridir. “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygyň we adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamany kabul etmek başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. 

Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň 29-sy bu resminamanyň awtordaşlary boldular. Hut Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde bu örän uly ähmiýetli Jarnamanyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň häzirki döwrüň ählumumy ynsanperwerlik meseleleriniň çözülmeginde barha uly orun eýeleýändigini dünýä bileleşigine ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Şu gün gowşurylan gymmatly sowgatlar bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygyň we adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandyna biziň hoşallygymyzyň alamatydyr. 

Jogap çykyşynda bosgunlaryň ýygyndy toparynyň ýolbaşçysy Tegla Lorupe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa V Aziada gatnaşmaga döredilen mümkinçilik, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen kabul edilen “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygyň we adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnama üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ady rowaýata öwrülen türgeniň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň başlangyjy bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge täze itergi berer, sebäbi esasynda hormat we ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri duran sport parahatçylygy we özara düşünişmegi berkitmäge ýardam edýär. 

Şeýle hem türgen zenan “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmagyň olaryň topary üçin uly hormat bolandygyny, Türkmenistanyň paýtagtynda asuda, parahat we dostlukly ýagdaýda bolmagyň goraglylyk we abadançylyk duýgusyny peşgeş berendigini belledi. Indi bosgunlar topary jebis maşgala öwrülip, olar Türkmenistanyň Prezidentiniň goldaw bermegi netijesinde şunuň ýaly ajaýyp çärelere gatnaşyp bilýärler. 

—Islendik adam bosgun bolup biler. V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagymyz biziň bosgunlar bolup durýandygymyza garamazdan, biziň hem bu oýunlaryň bir bölegi bolup biljekdigimizi tassyklaýar. Bu ýaryşlara gatnaşmak bilen biz bosgunlaryň hem adamlar bolup durýandygy hem-de şunuň ýaly halkara ýaryşlaryna gatnaşmak hukugyna eýe bolup durýandygy baradaky pikiri beýan etmek isleýäris. 

Milli Liderimiziň “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda belleýşi ýaly, her bir adamyň, şol sanda dürli ýagdaýlar sebäpli öz ýurdunyň baýdagynyň astynda çykyş etmäge mümkinçiligi bolmadyk adamlaryň hem halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga hukugy bardyr. Şunuň bilen baglylykda, “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygyň we adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň esasy wezipeleriniň biri — bosgunlaryň meselelerine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek hem-de çylşyrymly ýagdaýlary parahatçylykly ýol bilen çözmek mümkinçiligini iş ýüzünde, oňyn mysalda subut etmek bolup durýar. 

Dünýä sporty döwletara hyzmatdaşlygynyň we özara düşünişmegiň sütünleriniň biri hökmünde bosgunlara diňe bir sport başarnyklaryny mynasyp görkezmäge däl-de, sport meýdançasyny öz ata watanynda parahatçylygyň berjaý edilmegine çagyrýan syýasy çykyş üçin hem peýdalanmaga mümkinçilik berýär. 

Öz ene topragyndan aýra düşen hem-de ýakynlary bilen duşuşyga garaşýan bosgunlar dünýä bileleşiginiň goldawyna mätäçdir. Ynsanperwer kömegini bermekde uly tejribe toplan Türkmenistan öz çäklerinde dürli sebäplere görä öz ýurdunda ýaşamaga mümkinçilikden mahrum bolan adamlaryň on müňlerçesini kabul etdi, indi biziň ýurdumyz olaryň ikinji watanyna öwrüldi. 

Türkmenistanda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ynsanperwerlik syýasatynyň dünýä syýasy giňişliginde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna we özara düşünişilmegine oňyn ýardam edýändigini ýene bir gezek görkezdi.