Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat hem-de gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary E.Orazgeldiýewiň hem-de Ş.Durdylyýewiň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň ilatyny türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde durýan, ilkinji nobatda, amala aşyrylmaly wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda Watanymyzyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça häzirki zaman senagat we durmuş düzümlerini kemala getirmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, senagatlaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek hem-de önüm bolçulygyny üpjün etmek ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Tutuş dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly häzirki şertlerde halk hojalygynyň esasy pudaklarynda işleriň ýagdaýyny içgin seljermek bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalary bilen yzygiderli ýagdaýda iş maslahatlaryny geçirýär, olar bilen häzirki emele gelen ýagdaý hem-de ählumumy derejedäki çökgünlik zerarly ýüze çykan meseleleri çözmegiň ýollaryny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek barada ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işleriň seljeriljekdigini we şunuň bilen baglylykda, öňde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde, şu günler obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga, ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Ilatymyzy Türkmenistanda öndürilýän ýeralma, sogan hem-de beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde görülýän çäreler hasabatyň özenini düzdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly beren görkezmesine laýyklykda, pudaga obasenagat toplumyny has-da kämilleşdirmäge ýardam berýän sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, häzirki tapgyrda bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň aýratyn zerurdygyny nygtady. Munuň özi oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýetişdirilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga ýardam berer.

Biziň ýurdumyz oba hojalyk önümleriniň öndürilmeginde özüni üpjün edip bilýän döwlet bolmalydyr, bazarlarymyz dürli önümlere baý bolup, türkmenistanlylaryň ýokumly iýmitlere isleglerini üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaga hem-de oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça hemme zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň içerki bazarynyň tutuş ýylyň dowamynda zerur azyk önümleri bilen üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda oba hojalyk pudagy üçin örän zerur bolan mineral dökünleriň öndürilişiniň ýeterlik mukdaryny üpjün etmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu ugurda dökünleri öndürmäge ýöriteleşdirilen önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň we gaýtadan enjamlaşdyrmagyň ýerine ýetirilýändigi barada habar berildi.

Hasabatyň çäklerinde dökün önümçiligi bilen meşgullanýan senagat kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we olary gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgama geçmek işini çaltlandyrmak, ähli düzümlere täzeçil tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynyň senagat önümçiligi bilen birlikde utgaşykly işlemegini gazanmagyň ileri tutulýan wezipedigine wise-premýerleriň ünsüni çekdi we şunuň bilen baglylykda, olaryň öňünde ýerine ýetirilmeli anyk wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, ýurdumyzda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak barada tabşyryk berdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyza daşyndan getirilýän gök-bakja önümleriniň möçberlerini azaltmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde welaýatlarda ýeralmanyň we soganyň ekilýän meýdanyny giňeltmek hem-de goşmaça gök-bakja ekinleriniň ekilmegi üpjün edilmelidir.

Tohumlyk ýeralmanyň, soganyň özümizde doly möçberde öndürilmegini üpjün etmegi gazanmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu gök ekinleriň daýhan birleşikleri we hususy önüm öndürijiler tarapyndan hem-de hususy hojalyklarda ekilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, welaýatlarda ýetişdirilýän ýeralmanyň, soganyň we gök-bakja önümleriniň öndürijilerden satyn alynmagy hem-de olar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi üpjün edilmelidir. Ýurdumyzda häzirki wagtda öndürilýän we goşmaça öndürilmegi meýilleşdirilýän ýeralmany, sogany hem-de gök-bakja önümlerini talabalaýyk saklamak hem-de ilatymyzy bu önümler bilen tutuş ýylyň dowamynda üpjün etmek maksady bilen, zerur sowadyjy ammarlary gurmak boýunça degişli işleriň dowam etdirilmegi zerurdyr.

Milli Liderimiz welaýatlarda ekilýän ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegi, bu önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak üçin önüm öndürijileri zerur ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz sowadyjy ammarlary gurmak işlerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň giňden çekilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, ýurdumyzda ekilýän oba hojalyk ekinlerini mineral dökünler bilen üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilýän ýeralma, sogan we gök-bakja ekinleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenen möhletde hem-de zerur möçberlerde mineral dökünler bilen üpjün edilmelidir. Milli Liderimiz şu maksat bilen mineral dökünleriň öndürilişini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz berlen tabşyryklaryň häzirki wagtda örän möhümdigini nygtamak bilen, şolary ýerine ýetirmek ugrundaky işleriň utgaşykly we netijeli häsiýete eýe bolmagyny talap etdi. Milli Liderimiz bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu günki maslahatyň dowamynda kesgitlenen wezipeleriň berjaý edilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýdyp, oňa gatnaşyjylara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkeziniň binagärlik keşbini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Wise-premýer hem-de şäher häkimi bu ulgamdaky işleriň ýagdaýy, Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli çäreler barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň birnäçe binalaryny, aýratyn-da, paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän desgalary abadanlaşdyrmagyň, döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu desgalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine, gözellik derejesine möhüm ähmiýet bermelidigini, döwrebaplaşdyryş işlerinde döwrüň ösen tejribesinden ugur almalydygyny we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu işleri häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede alyp barmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer we paýtagtymyzyň häkimi öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk, hususan-da, her ýyl bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda ýerine ýetirilýän işler ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine we parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna doly kybap gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyryp, bu işleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna görülýän taýýarlyk çäreleri bilen utgaşmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan Aşgabatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, öňde durýan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.