TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, türkmen hem-de türk halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini tassykladylar.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri sebit hem-de dünýä ähmiýetli meseleler barada pikir alşyp, adamzat üçin täze howp bolan koronawirus pandemiýasy (COVID-19) barada durup geçdiler. Iki döwletiň Baştutanlary pandemiýadan doly üstün çykmak üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşmegi barada pikirlerini beýan etdiler.

Rejep Taýyp Ärdogan öz nobatynda, hormatly Prezidentimizi Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bar bolan kynçylyklara garamazdan, ýurtlarymyzyň ulag gatnawlaryny, hususan-da, Lazurit üstaşyr geçelgesi boýunça gatnawlaryň dowam edýändigini bellediler hem-de gatnaşyklary has-da ösdürmek, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna tabşyryklary bermek barada ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.