Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy, ol paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleri, öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, tomusky möwsümi guramaçylykly geçirmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzyň häkimi milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek, paýtagtymyzda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek üçin alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de şäheriň arassaçylyk we abadançylyk derejesini saklamak üçin degişli çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýokary derejä eýe bolmagy, Türkmen halysynyň baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi, şäheriň şaýollarynyň, köçeleriniň, gök zolaklarynyň göwnejaý derejede saklanylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şanly seneler mynasybetli guralýan çäreler häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmelidir. Döwlet Baştutanymyz ulularyň we çagalaryň tomusky dynç alşyny guramak maksady bilen, degişli gulluklar bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň zerurdygyna ünsi çekip, häkime ozaly bilen ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň dowamynda meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary derejesini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermek gerek diýip belledi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly başlamak, möwsümiň dowamynda işlediljek däne kombaýnlarynyň we awtoulaglaryň, galla kabul ediş bölümleriniň taýýarlyk derejesi, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan toplumlaýyn ideg işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýeralmany, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, dürli miweleriň hasyllylygyny artdyrmak ugrunda agrotehniki çäreler geçirilýär.

Şeýle hem welaýatda öňde boljak şanly seneleriň hormatyna geçiriljek medeni meýilnamasy, tomusky dynç alyş möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Galla oragynda däne kombaýnlarynyň, awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegi, bugdaý hasylynyň bökdençsiz kabul edilmegi hem-de kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gowaça edilýän idegiň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmegi, ideg işlerinde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ýokary öndürijilikli işledilmegi, ýeralmadan gök we bakja ekinlerinden ýokary hasylyň öndürilmegi boýunça häkime anyk tabşyryklar berdi, munuň özi döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkymyzyň türkmen topragynda öndürilýän ýeralma we gök-bakja önümleri bilen doly üpjün edilmegi, bazarlarda önüm bolçulygynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak şanly seneler mynasybetli guraljak çäreleriň uzak wagtlap ýatda galmagy üçin olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine ünsi çekdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz türkmenistanlylar üçin amatly dynç alşy guramakda sebitde ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna görülýän taýýarlyk, gowaça edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Häkim galla oragy möwsüminde işlediljek kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesi barada aýdyp, bu işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylýandygyny habar berdi.

Şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýeralmany, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin zerur çäreler görülýär, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.

Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleri guramaçylykly geçirmek üçin ähli taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Şol bir wagtyň özünde tomus möwsümine taýýarlyk işlerine, uly adamlaryň we çagalaryň amatly dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şeýle hem welaýatyň häkimi ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häkime gowaça ideg etmek işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini, galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Munuň özi oba hojalyk tehnikalarynyň, galla kabul edýän bölümleriniň taýýarlygyny we tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny almak, gant şugundyryny ekmek, şeýle hem ýerleri, tohumlary taýýarlamak maksady bilen, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek boýunça tabşyryk berdi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň degişli derejede bellenilmegi, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäreleriniň guramaçylykly geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýangyn howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek, gowaça edilýän ideg işleriniň depginini güýçlendirmek we hilini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde ýeralmadan, gök we bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu gyzgalaňly günlerde gowaça meýdanlarynda hatarara bejergisi, ýekelemek we otag işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem şaly ekilen ýerlerde ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim welaýatda öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, oňa gabatlanylyp, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň, durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we bellenilen möhletinde amala aşyrylmagynyň geljekki bol hasylyň girewidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilmelidir.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz galla oragyny gysga wagtda we ýokary hilli tamamlamak, möwsüme degişli ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminiň ýokary derejede geçirilmegi, welaýatyň ähli çäklerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň pugta üpjün edilmegi, ekinleriň güýzki görnüşleriniň ekişine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem häkime Türkmen halysynyň baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew gündogar sebitiň pagtaçy-kärendeçileriniň gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyran ideg işleri, şol bir wagtyň özünde galla oragyna taýýarlyk, şeýle hem gök we bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak üçin amala aşyrylýan guramaçylyk işleri barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda şaly ekişini bellenilen möhletde geçirmek ugrunda zerur toplumlaýyn çäreleriň geçirilýändigi barada habar berildi. Mundan başga-da, welaýatda ýeralmadan, beýleki gök we bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar.

Welaýat häkimi şeýle hem öňde boljak şanly seneleriň hormatyna meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, Diýarymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramyny mynasyp derejede garşylamak we bu senä gabatlanyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň depginini berk gözegçilikde saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini hem-de olaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek barada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary derejede geçirilmelidigine ünsi çekip, welaýatda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli guramaçylyk işleriniň geçirilmelidigini, möwsümde däne kombaýnlarynyň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Şeýle-de ýygnalan hasylyň bökdençsiz kabul edilmegi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi möhüm talap bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de olara göwnejaý ideg etmek üçin agrotehniki kadalara laýyklykda ekin dolanyşygy usulyny ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklar berdi. Mundan başga-da, ýerler we tohumlar şaly ekişine doly taýýar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yssy günleriň başlanandygyny aýdyp, welaýatda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegine aýratyn üns bermegi, uly adamlaryň we çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramak boýunça berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz öňde boljak şanly seneler barada aýdyp, olary ýokary guramaçylyk derejede geçirmegi, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli welaýatda bina edilýän desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ýeralmany, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, olaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmak üçin durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berildi.

Welaýatda gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletinde geçirmek, şol bir wagtyň özünde tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek, Diýarymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem ýetişdirilen bugdaý hasylyny bellenen möhletde we ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleriniň ýokary derejede guralmalydygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, orak möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň, galla kabul ediş bölümleriniň taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir we tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi üpjün edilmelidir.

Şol bir wagtyň özünde welaýatda ýeralmany, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin agrotehniki çäreler öz wagtynda geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz şanly senelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, şeýle hem welaýatyň ähli çäklerinde ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli öňde boljak dabaralar barada aýtmak bilen, baýramçylyga gabatlanyp, ulanmaga beriljek desgalardaky işleri berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy.

Wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumynyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ekinleriň güýzlük görnüşleriniň ekişine guramaçylykly girişmek üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzir, gowaça agrotehniki kada laýyk ideg etmek bilen bir hatarda, galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça giň gerimli taýýarlyk işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk tehnikalary, galla kabul ediş bölümleri jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň degişli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça edilýän ideg işleri bilen bir hatarda, galla oragynda işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz güýzlük gök ekinleriň ekiljek ýerlerini kesgitlemek, olar üçin zerur serişdeleri üpjün etmek meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň geljekki mejlisine güýzlük ýeralma, sogan we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdany bilen baglanyşykly degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz bugdaý oragynyň gelip ýetendigini we hökümetiň nobatdaky mejlisinde möwsüme girişmek bilen baglanyşykly Kararyň taýýarlanylmalydygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen öňdebaryjy tejribäni, şeýle hem usulyýeti alyşmak maksady bilen, degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, öňde goýlan ähli wezipeleriň netijeli çözülmeginiň zerurdygyny belledi we oňa gatnaşyjylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.