Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykdy hem-de Watanymyzyň şypahana merkezleriniň birinde dynç alýar, hemişe bolşy ýaly, milli Liderimiz işden boş wagtyny işjeň we peýdaly geçirýär.

Geçen hepdede ýarym ýylyň jemlerine garalan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 7-nji iýuldan 6-njy awgust aralygynda nobatdaky zähmet rugsadynyň berilýändigini yglan etdi, Hökümet agzalary zähmet rugsadyny ýurdumyzyň saglyk we dynç alyş merkezlerinde geçirip bilerler.

Bu ugurda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň netijesinde häzirki wagtda her bir türkmenistanly ýeke bir tomusky dynç alyş döwründe däl-de, ýylyň islendik paslynda göwnejaý dynç almak hem-de saglygyny berkitmek mümkinçiliklerine eýedir.

Diýarymyzyň iň täze ýörite enjamlar hem-de öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary bilen üpjün edilen şypahana we dynç alyş merkezlerinde, şol sanda maşgala bolup, wagty peýdaly geçirmek hem-de saglygy berkitmek üçin ähli amatly şertler döredilendir.

Şypahana-dynç alyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, jemgyýetiň hem-de her bir adamyň döredijilik başarnyklaryny has doly açmaga ýardam berýän oňaýly durmuş gurşawyny kemala getirmekde bu ulgamyň ornunyň pugtalandyrylmagy «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir.

Şunuň bilen baglylykda, ilata edilýän hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baý, täsin dikeldiş serişdeleriniň, ajaýyp tebigy künjekleriniň Türkmenistany meşhur halkara sagaldyş we syýahatçylyk merkezine öwürmäge ýardam edýändigini belleýär.

Milli Liderimiz, ozaly bilen, ýokary derejeli lukman hem-de alym hökmünde dynç almagyň saglygy berkitmek bilen utgaşdyrylmagynyň öndürijilikli işlemek üçin uly ähmiýete eýedigini oňat bilýär. Şunda döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň ähmiýetine ünsi çekýär.

Bu gün paýtagtymyzda we Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap bedenterbiýe-sport toplumlary we beýleki ugurdaş desgalar hereket edýär, ýurdumyzyň sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ählisinde sport meýdançalary, ýüzülýän suw howdanlary we dürli türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen fitnes-zallar göz öňünde tutulandyr.

Milli Liderimiz hatda zähmet rugsady döwründe hem boş wagtynda hemişe ylmy iş hem-de döredijiligiň dürli görnüşleri, şol sanda edebi döredijilik bilen meşgullanýar, täze eserleriň üstünde işleýär, saz sungaty eserlerini döredýär, işjeň bedenterbiýe maşklarynyň hem-de aň-paýhas zähmetiniň utgaşdyrylmagynyň artykmaçlyklaryny we netijeliligini görkezýär, bularyň ählisi hemmetaraplaýyn kämilleşmäge ýardam berýär.

Ajaýyp ahalteke atlary bilen didarlaşmak we bedewde gezelenç etmek, welosipedli gezelençler, sport awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini dolandyrmak döwlet Baştutanymyzyň zähmet rugsady döwründe we dynç alyş günleri wagtyny peýdaly hem-de baý many-mazmunly geçirmek üçin meşgullanýan ugurlarydyr.

Halkymyzyň örän baý medeni we ruhy mirasy hem-de şöhratly taryhy döwlet Baştutanymyzyň ylham çeşmesidir. Gadymy maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wagtyny agtyklary bilen bilelikde geçirmäge uly üns berýär, olary döredijilik we sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz tebigata çykmagyň, onuň täsinliklerini synlamagyň ýadawlygy, beden we ruhy taýdan dartgynlylygy aýyrmagyň, iş günleriniň aladalaryndan soň dynç almagyň iň gowy serişdesidigini nygtaýar, munuň özi adama gujur-gaýratyny dikeltmäge hem-de ruhunyň belent bolmagyna ýardam berýär.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýar, onuň dünýägaraýşy, durmuşy we ykbaly tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Diýarymyzda haýran galdyrýan ajaýyp, täsin künjekler bardyr, olar dynç alýanlara unudylmajak täsirleri peşgeş berýär.

Mahlasy, bu gün zähmet rugsady döwründe aňrybaş amatly şertlerde dynç almak hem-de wagty peýdaly geçirmek, ene topragyň gujur-gaýrat berýän täsirinden döredijilikli zähmet üçin täze güýç toplamak üçin Türkmenistanda ähli şertler we mümkinçilikler bar.