img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň şalyçylary ýokary hasyl almagy göz öňünde tutýarlar

photo

Amyderýa jülgesiniň şaly atyzlary al-ýaşyl öwsüp otyr. Lebap welaýatynyň ekarançylary güýzlik galladan boşan meýdanlara bu gymmatly azyklyk ekini amatly möhletlerde ekdiler. Şu günler ekine ideg etmek boýunça agrotehniki çäreler geçirilýär.

Türkmenistanda iň iri şaly ýetişdiriji gündogar sebitde bu ekin 10 müň gektardan gowrak meýdana ekildi. Bu ýerde şalynyň ýerli toprak-howa şertlerine gowy uýgunlaşan we ýokary hasyllylygy, şeýle hem ajap tagamy bilen tapawutlanýan «Nukus-2» we «Flagman» sortlary ýetişdirilýär.

Şu ýyl Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlete 47 müň tonnadan gowrak «merjen däne» tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar.