Giriş möwsümi 2020: bilim almaga giň mümkinçilikler

2020-nji ýylyň giriş möwsümi başlandy, şu ýyl onuň birnäçe aýratynlyklary bar. Onuň möhüm aýratynlygy – ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär mekdepleriniň teklip edýän hünärleriniň sany has-da artdy, bu bolsa ýurduň ösüşiniň innowasion ugruny, bilim ulgamyndaky döwrebaplaşdyrmak we diwersikasiýalaşdyrmak işlerini aýdyň görkezýär, çünki adamyň intellektual ösüşine maýa goýumy – döwletiň we jemgyýetiň depginli ösüşine maýa goýmakdyr.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty taýýarlygyň täze ugurlary babatda öňde barýar, munuň özi çalt ösýän sanly ulgam bilen baglanşyklydyr. Täze hünärleriň arasynda – bank işi we pul dolanşygy; maliýe bazarlary we sanly ykdysadyýetde maliýe howpsuzlygy; söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysdadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi ýaly hünärler bar. Türkmen döwlet maliýe instituty halkara maliýe ugrundan bakalawrlary taýýarlap başlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde rus dili we edebiýaty boýunça hünärmenleri taýýarlarlamak gaýtadan dikeldildi.

Ýurduň OST-nyň ösüşiniň esasy ugurlary we daşky gurşawy goramaga hem-de tebigatdan rejeli peýdalanmaga berilýän üns Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bakalawrlary taýýarlamagyň täze ugurlaryny görkezýär, bu ýerde şu ýyldan başlap, ýyladyşhana hojalygy, senagat balykçylygy, agroekologiýa, şeýle hem kinologiýa ulgamlarynda geljegi uly hünärleri edinip bolar.

D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda italýan dili öwrenilip başlanylar, rus we iňlis filologiýasy babatda bakalawriatyň maksatnamasyna terjimeçilik işi hem goşuldy. Iňlis dilini erkin bilýän dalaşgärler magistr derejesini almak üçin daşary ýurt dillerini okatmagyň usulýetini öwrenip başlarlar.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bakalawriat maksatnamasyny geçip, mikrobiologiýa; tehnologiýa işewürligi; filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili) ýaly ugurlarda islegli hünärmenler bolup bolar.

Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalry instituty täze ugurlaryň dördüsini teklip edýär, olaryň üçüsi: demir ýollaryň hereket edýän düzümi; portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy; ýerüsti ulag-tehnologik serişdeleri ugurlary ulag-logistika ulgamynda hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Ýene bir täze hünär—landşaft dizaýny hünäri ýurtda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasy, döredilýän binagärlik gurşawynyň we ýaşyl bezegiň sazlaşdyrlymagynyň zerurlygy, ýaşaýyş üçin amatly gurşawy döretmek jähtinden möhümdir.

Ýurduň sebitlerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde hem hünär taýýarlygynyň sanawy artdyryldy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda (Türkmenabat şäheri) pars we nemes dilleri, şeýle hem bedenterbiýe ugrundan ýokary bilim almaga mümkinçilik döredi. Türkmen döwlet energetika institutynda (Mary şäheri) menejment ulgamynda; maglumat howpsuzlygy; infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary; elektroenergenika we elektrotehnika ugurlary boýunça bakalawrlary taýýarlap başlarlar. Türkmen oba hojalyk institutynda bolsa (Daşoguz şäheri) awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärlerinden bakalawr derejesini alyp bolar.

Türkmen döwlet medeniýet institutynda art-menejment, şeýle hem operatorçylyk işi we montažyň režissurasy ulgamlarynda bakalawrlar taýýarlanylyp başlanar. Ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärlleriň 32-si girizildi.

Döwrebaplaşdyrmak işi orta hünär mekdeplerini-de öz içine aldy. Mysal üçin, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýaraýan Mekdebi dolandyryş we logistika ulgamynda hünärmenleri taýýarlar. «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabatdaky derýaçylyk orta mekdebinde maglumaty goramagyň howpsuzlygy, şeýle hem elektrik üpjünçiligi boýunça hünär edinip bolar.

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär mekdebinde we «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär mekdebinde bilimiň taze ugurlarynyň esasynda iň täze maglumatlar ulgamlary we sanly tehnologiýalar öwrenilýar.

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň okuwçylary grimçi hünäriniň syrlaryny öwrenerler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde bolsa sahna bezegi we agajy çeper bezemek ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylar. Umuman, hünär mekdepleriniň 7-sinde täze ugurlaryň 14-si girizildi.

Kreatiw pikirlenýän, hünär taýdan ösmäge höwesek, kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak, olaryň ylmy-barlag işlerine zenini höweslendirmek – milli ykdysadyýetiň hil taýadn ösüş ugrydyr. Şonuň üçinem bilimiň ähli basgançaklary döwrebaplaşdyrylýar we sanly serişdeler bilen üpjün edilýär, okatmagyň usulýeti kämilleşdirilýär, möhüm nowasiýalar ornaşdyrylýar, öňdebaryjy dünýä tejribeleri öwrenilýär, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.