PAGTA ÝYGYMYŇ ÖŇ ÝANYNDA

Açylan duw-ak hanalar Amyderýa jülgesiniň atyzlaryna görk berýär. Şu ýyl Lebap welaýatynda gowaça ekilen meýdanlar 130 müň gektara çenli artdyryldy. Ondan azyndan 320 müň tonna pagta almak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda agrotehniki çäreleriň soňky tapgyry bilen birlikde pagta ýygymyna taýýarlyk işleri hem tamamlanyp barýar.
Welaýat derejesinde we etraplaryň ählisinde ýetişdirilen hasyly ýitgisiz we öz wagtynda ýygnamak üçin pagta ýygymyny guramaçylykly hem-de ýokary hilli geçirmäge gönükdirilen çäreleriň meýilnamasy işlenilip düzüldi. Ýygym döwri pagta ýygyjy we ony daşaýjy konweýer bilen kabul ediş nokatlarynyň özara sazlaşykly hereketi üpjün ediler.
Döwrebap pagta ýygyjy kombaýnlaryň 250-den gowragy, pagta arassalaýyjy zawodlaryň 11-siniň we ýerlerdäki kabul ediş nokatlarynyň 48-siniň ählisi hasyly gije-gündiziň dowamynda kabul etmäge hem-de gaýtadan işlemäge taýýar edildi. Möwsümden öň bu ýerde abatlaýyş-dikeldiş we sazlaýyş-bejeriş işleri geçirildi. Hasyly pagta kabul ediş nokatlaryna daşamak üçin zerur möçberde awtoulag serişdeleri taýýarlanyldy.
Lebaply pagtaçy-kärendeçiler şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýerip, Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna zähmet sowgady bilen barmagy niýet edinýärler.