ASTRAHANYŇ DÖWLET TEHNIKI UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ KONSULY BILEN DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI

photo

Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Astrahan döwlet tehniki uniwersitetine baryp gördi. ADTU-niň rektory Aleksandr Newalennyý bilen duşuşygyň dowamynda türkmen ýaşlaryny dürli hünär ugurlary boýunça taýýarlamagyň meseleleri, şeýle hem mugallymlary we talyplary alyşmak, balyk hojalygy we nebit-gaz pudagy babatda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda uniwersitetde ýurdumyzdan ýetginjekleriň we gyzlaryň 400-den gowragy bilim alýar.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygy bilen baglylykda A. Newalennyý türkmen halkyna gutlag sözlerini aýtdy we Astrahan sebitinde epidemiologik ýagdaý gowşandan soň bilelikdäki çäreleri geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Konsul uniwersitet bilen tanyşdy. G. Garaýew bu ýokary okuw mekdebine saparynyň çäklerinde türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi.