GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK, ENERGETIKA WE JEMAGAT HOJALYGY IŞGÄRLERINE

Hormatly gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bütin ýurdumyzda giňden bellenýän Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülen ata Watanymyzda dürli maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kämil maddy-enjamlaýyn binýatly, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň döredilmegi netijesinde dürli görnüşli, ýokary tehnologiýalara esaslanýan desgalaryň gurluşygy hem indi öz hünärmenlerimiz tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmen gurluşykçylary binalaryň we desgalaryň taslamalaryny taýýarlamakda, gurluşyklary ýokary hilli ýerine ýetirmekde, olaryň bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmekde uly tejribe topladylar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk pudagyna örän uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Olaryň hasabyna iri önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň sebitlerinde dürli görnüşli iri senagat desgalarynyň, durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, 2019-njy ýylda gurluşygyna badalga berlen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, welaýatlardaky täze obalaryň we şäherçeleriň hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleri giň gerim bilen alnyp barylýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenýän 2020-nji ýylda ýüzlerçe dürli görnüşli binalary we desgalary, hususan-da, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýokary amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny, myhmanhanalar toplumyny, döredijilik merkezini gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda gurluşyk pudagyny kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallarynyň we harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek hem-de eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek, täze iş orunlaryny döretmek we önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Energetika pudagy hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly itergi berýän möhüm pudaklaryň biridir. Bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde gysga wagtyň içinde täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň çäklerinde müňlerçe kilometre uzap gidýän elektrik geçirijileri täzelendi. Daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak üçin goňşy ýurtlara gidýän ýokary woltly elektrik geçirijileriniň ýüzlerçe kilometri guruldy. Energetika pudagynda durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň biri hökmünde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny hem görkezmek bolar. Bu işleriň ählisiniň türkmen energetikleriniň ýadawsyz zähmeti netijesinde amala aşyrylandygyny bu baýramçylyk gününde aýratyn bellemek guwandyryjydyr.

Döwletimiz elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ony ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmäge, pudaga dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga hem uly ähmiýet berýär. 

Biz sebitde durnuklylygyň, parahatçylykly ösüşiň, dostlukly gatnaşyklaryň, dünýäniň ykdysadyýetine işjeň goşulmagyň bähbidine ýurdumyzyň energiýa serişdelerini daşary ýurtly sarp edijilere hem elýeterli etmegi maksat edinýäris. Bu biziň alyp barýan energetika syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny has-da ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga gönükdirmek babatda öňümizde uly wezipeler durýar.

Gurluşyk we energetika pudaklary bilen bir hatarda jemagat hojalygy pudagy hem ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýat merkezleriniň, ilatly ýerleriniň jemagat hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyryp gelýär.

Soňky ýyllarda maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylan, zerur bilimlere eýe bolan hünärmenler bilen üpjün edilen jemagat hojalygy pudagynyň alyp barýan işleri hem döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Bu pudagyň işgärleriniň paýtagtymyz Aşgabat şäherini we welaýat merkezlerini göwnejaý derejede saklamak boýunça amala aşyrýan işleri bellenmäge mynasypdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen gurluşykçylarynyň, energetikleriniň we jemagat hojalygy işgärleriniň öz öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri!

Sizi Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.