TÜRKMENISTANYŇ KONSULY ASTRAHAN DÖWLET ARHITEKTURA-GURLUŞYK UNIWERSITETINDE DUŞUŞYK GEÇIRDI

Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Astrahan döwlet arhitektura-gurluşyk uniwersitetine (ADAGU) bardy.
Söhbetdeşligiň başynda bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Tatýana Zolina şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Konsul G. Garaýew üçin guralan uniwersitete gezelençde türkmen diplomaty bu ýokary okuw mekdebiniň ylym-bilim we tehnologik mümkinçilikleri, talyplaryň alyp barýan ylmy işleri, şäheri abadanlaşdyrmagyň çyzgylary we maketleri, şeýle hem «akylly öý» ulgamynyň taslamasy bilen tanyşdy.
Konsul duşuşygyň ahyrynda türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi.