TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DÜNÝÄ YKDYSADYÝETINI DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLUNA ÇYKARMAK ÜÇIN PLATFORMALARY DÖRETMÄGE ÇAGYRDY

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeligi BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda başlandy. Bu gün döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo çykyşlary goýberilip başlandy. Ilkinjileriň biri bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy görkezildi.

Türkmenistanyň Baştutany öz ýüzlenmesinde şu ýyl kyn döwri başdan geçirýän dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy barada aýdyp geçdi. Durnukly ösüş maksatlaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň bu ugurda ähli zerur mümkinçilikleri işjeň ulanýandygy nygtaldy. Gynansak-da, pandemiýa Durnukly ösüş maksatlaryna tarap ägirt uly ösüşi pese gaçyrdy.

Döwlet Baştutany, Türkmenistanyň energiýanyň iberilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda BMG-niň halkara hukuk gurallaryny döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi maksat edinýändigi barada aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň bu ugurdaky teklipleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararlary bilen birnäçe gezek tassyklandy.

Türkmenistanyň Lideri şeýle hem ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň döwründe halkara ýük daşalyşynyň durnuklylygyny üpjün etmek meselelerine garamagy teklip edýändigini aýtdy. Şeýle hem bu ugurda özaragatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny Türkmenistanda geçirmegiň meýilleşdirilýändigi beýan edildi.