img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ SÖWDA-SENAGAT PALATASY BILEN GATNAŞYKLARYŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

photo

Şu gün Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýewiň «Астраханская торгово-промышленная палата» Birleşiginiň prezidenti Tatýana Şateýewa bilen duşuşygy boldy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şol sanda telekeçilik bileleşikleriniň derejesinde işjeňleşdirmek we telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň onlaýn-görnüşde mejlisini geçirmek – gepleşikleriň esasy temasy boldy.

Tatýana Şateýewa söhbetdeşligiň barşynda Astrahan tarapynyň Türkmenistandan dokma, şeýle hem beýleki senagat önümlerini almaga gyzyklanma bildirýändigini, öz gezeginde, biziň ýurdumyza un önümlerini we galla ekinlerini ibermäge taýýardygyny belledi. Taraplar ykdysady taýdan girdejili deňizde ýük daşamagy işjeňleşdirmek arkaly özara haryt dolanşygyny artdyrmagyň mümkinçiligine garadylar.

Konsul Güýç Garaýew gepleşikleriň gün tertibiniň jähtinden RF-iň Astrahan oblasty bilen köpugurly gatnaşyklaryň diwersifikasiýasynyň Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň biridigini nygtady.