img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DÖWLET MUZEÝINDE HATYRA GÜNÜNE GABATLANAN SERGI AÇYLDY

photo

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat ýet titremesiniň 72 ýyllygyna bagşlanan sergi açyldy.

Tematiki sergi birnäçe bölümden yabarat. Ol uruşdan öňki Aşgabadyň durmuşynyň çeper hekaýatyndan başlanýar. Şol fotosuratlarda edara we ýaşaýyş jaýlary, goýras saýaly köçejikler, gadymy binalar, seýilgähler... görkezilýär. Pajygaly wakany görkezýän fotosuratlar bu ýere gelenlere güýçli täsir edýär... Özboluşly suratlar 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gije bolan elhenç ýer titremesiniň ýetiren zyýanyna garşy edermen göreşen şäher ilatynyň sarsmaz ruhuny we mertligini beýan edýär.

Muzeý gorlaryndaky serginiň tematikasyna kybap žiwopis eserleri hem goýlupdyr. Arheologik artefaktlar we etnografik materiallar, wideoşekillerdir neşir önümleri hem pajygaly wakalar barada gürrüň berýär.

Ak mermer gözel paýtagtymyzyň häzirki döwrüne bagyşlanan bölüm bolsa sergini belent ruhda jemleýär...