RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza halkara ölçeglere laýyklykda innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap ýöriteleşdirilen ýanyk şikeslerini bejeriş kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda býujetden maliýeleşdirilýän hem-de tölegli hyzmatlary ýerine ýetirýän 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini bellenen tertipde döretmek bellenildi.