img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

HYY WE ÖU-NIŇ WE STRASBURG UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

photo

13-nji oktýabrda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Strasburg (Fransiýa) uniwersitetiniň wekilleriniň arasyna onlaýn-duşuşyk geçirildi, onuň barşynda ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklaryň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fransuz tarapyndan duşuşyga halkara gatnaşyklary boýunça wise-prezident Iren Ýakoberger we Strasburg uniwersitetiniň halkara taslamalary boýunça işgäri Aurelien Jordan, türkmen tarapyndan -- HYYweÖU-niň prorektorlary Göwher Akmyradowa bilen Nurmuhammet Şyhlyýew gatnaşdylar.

Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri ylym-bilim merkezleriniň gurluşy we işi barada maglumat alyşdylar, şeýle hem akademiki alyşmalaryň geljegine garadylar. Onlaýn-duşuşygyň barşynda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Strasburg uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekmek mümkinçiligine garaldy.