RUSSIÝANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI BILEN GATNAŞYKLAR IŞJEŇLEŞDIRILÝÄR

Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) baş konsuly Atadurdy Baýramow Perm ülkesine iş saparynyň çäklerinde Perm döwlet milli barlaglar institutyna baryp gördi, bu ýerde ýurdumyzyň raýatlary bilim alýarlar.

Diplomat PDYBI-niň talyplarynyň öňünde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» temasynda umumy sapak bilen çykyş etdi, onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge, parahatçylygyň, ykdysady we innowasion goşulyşmalaryň, durnukly ösüşiň bähbitlerine syýasy-diplomatik täsirli gurallaryň kemala getirilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna syn berildi. Türkmen-russiýa strategik hyzmatdaşlygy temasyna degip geçmek bilen türkmen diplomaty bu ýere ýygnananlaryň ünsüni üstünlikli ösdürilýän ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga çekdi.

Şeýle hem baş konsul Atadurdy Baýramow Perm ülkesiniň Bilim minsitrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi, onuň barşynda Türkmenistanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.