ÝAŞAJYK NAKGAŞLARYŇ BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN IŞLERINIŇ SERGISI

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň umumybilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylary öz eserlerini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlapdyrlar. Daşoguz welaýat Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň eýwanynda çagalaryň zehininden dörän işler görkezilýär. Çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi M. Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebi bilen bilelikde gurady.

Tematiki sergide žiwopis, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungaty eserleri, şeýle hem maketlerdir installýasiýalar görkezilýär. Bu ýerde goýlan işleriň aglabasy ýurdumyzyň taryhyndaky şanly senä bagyşlanypdyr, şeýle hem olar «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» temasyna bagyşlanan eserlerdir.

Ýaşajyk nakgaşlaryň nurana duýgylara, ylham-joşguna ýugrulan köp žanrly işlerine Watana söýgi we gözel hem myhmansöýer türkmen topragynda bolup geçýän özgertmelere buýsanç duýulýar. Sergi ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreler tapgyryny çäklerinde guraldy.