img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Singapuryň Baştutany Halima Ýakob Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmany beýan etdi

photo

Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakobdan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Aşgabatda Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. 

Iki ýuruduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryna goldaw bermek we ony berkitmek barada aýdyp, Singapuryň Baştutany dürli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin zerur mümkinçilikleriň bardygyny belledi.