HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW SPORT-ULAG MERKEZINE BARDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi. Bu ýerde milli Liderimiz awtomobil sporty boýunça ýaryşlary guramak, degişli türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilişi bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow boş wagtlarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähmiýet berýär. Ine, bu gün hem döwlet Baştutanymyz ir bilen IIM-niň Sport-ulag merkezine geldi we şu ýerde soňky döwürde dünýäniň dürli ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy.

Milli Liderimiz halkymyzyň saglygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugtalandyrylmagyny mydama üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen birlikde, ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine üns berilýär. Munuň özi adamlaryň durmuş derejesiniň wajyp şertleriniň birine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny berkitmekde köpçülikleýin bedenterbiýäniň, olimpiýa hereketiniň we sport medeniýetiniň ösdürilmegine möhüm orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamyň beden agzalarynyň mümkinçilikleriniň açylmagy hem-de olaryň kadaly hereketiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine lukmançylyk ylmy we köpýyllyk tejribe nukdaýnazaryndan çemeleşýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pyýada gezelenç etmek adamyň bedenini berkidýär hem-de işjeňligini artdyrýar we uzak ýaşamaga ýardam edýär.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmegine, ynsan bedeniniň berkemegine kömek edýär. Yzygiderli bedenterbiýe maşklary adamda oňyn şahsy häsiýetleriň, işjeň durmuş hereketiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Döwlet baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe adamlaryň saglygynyň köpugurly guraly we onuň ukyplarynyň amala aşmagynyň hem-de ösüşiniň esasy şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport maşklaryny ýerine ýetirip, bogunlaryň we beýleki synalaryň berkemeginde möhüm ähmiýeti bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy. Häzirki döwürde bedenterbiýe işjeňliginiň bu görnüşi lukmançylyk ylmy tarapyndan ykrar edildi. Ýöriş mahalynda ýörite taýýarlanylan taýaklaryň kömeginden peýdalanylýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, her bir adam öz ýagdaýyna görä ýörişiň tizligini özüçe kesgitlemelidir. Ol ýüregiň we dem alyş ýollarynyň işleýşini gowulandyrýar hem-de adaty ýörişe garanyňda, bu görnüşiň adamyň tutuş bedenine oňyn täsiri bar. Ýöriş mahalynda bogunlaryň hereketi sazlaşýar. Bu bolsa adamyň bogunlaryna duz ýygnanmagynyň öňüni alýar.

Döwlet Baştutanymyz köp ýyllaryň dowamynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, bu ugur boýunça ajaýyp endikleri özünde jemleýär. Ýetginjeklik ýyllarynda milli Liderimiz nusgawy we erkin göreş bilen meşgullandy. Dürli ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeler we uly ýeňişler gazandy. Arkadag Prezidentimiz 1972-nji ýylda nusgawy göreş boýunça Aşgabadyň çempiony boldy. 1973-nji ýylda bolsa ok atmakda Türkmenistanyň çempiony diýen derejäni eýeledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda karate boýunça gara guşagyň altynjy danynyň eýesi bolandygyny, 2009-njy ýylda bolsa Aziýanyň, Olimpiýa geňeşiniň Hormat ordeni bilen sylaglanandygyny bellemek gerek.

Milli sport hereketini ösdürmäge, Türkmenistanda ýapon söweş sungatyny ýaýratmaga goşan goşandy üçin döwlet Baştutanymyza 2010-njy ýylyň mart aýynda Bütinýapon “Karate-do” federasiýasynyň Hormatly agzasynyň güwänamasy, şol ýylyň aprel aýynda bolsa, taekwondo boýunça 7-nji derejäniň gara guşaga mynasyp bolandygyny aňladýan güwänama, 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa, karate boýunça 10-njy danyň diplomy gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyna laýyklykda Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan işler bu ugurda ägirt uly netijeleri gazanmagyň esasy şertleriniň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň milli Liderimizi çilimkeşlige garşy göreşmäge goşan ägirt uly goşandy üçin ýörite sylag bilen sylaglandygyny bellemeli.

Türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dikeltmek, halkymyzyň at çapmak sungatynyň abraýyny ýokarlandyrmak hem-de dünýäde wagyz etmek, atçylyk sportuny we atçylyk pudagyny ösdürmek, bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda görkezen aýratyn hyzmatlary, şeýle hem ýokary çapyksuwarlyk ussatlygy üçin hormatly Prezidentimize 2014-nji ýylda “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly at berildi. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesek watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

...Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň hem-de sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz Sport-ulag merkeziniň işiniň esasy ugurlary, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler bilen gyzyklandy.

IIM-niň ýolbaşçysy merkezde guralýan okuw-türgenleşik işleri, awtomobil sportuny ösdürmek we ony dünýä derejesine çykarmak maksady bilen durmuşa geçirilýän anyk işler barada hasabat berdi. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň toparlaýyn “Volkicar” we ýekelikde “Volkicar-drift” görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionatlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berildi.

Şeýle hem karting boýunça ýaryşlaryň we beýleki çäreleriň guralýandygy barada aýdyldy. Şolar soňky ýyllarda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen awtomobil sportunyň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam berer.

Sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow şu günler “Garagum-ýalkym” ralli-reýd boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň geçirilýändigi, onuň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýandygy barada hasabat berdi. Şu gezekki bäsleşige awtomobil sportunyň wekilleriniň toparlary gatnaşýar. Sport ulaglarynyň dürli görnüşlerine ussatlyk bilen erk edýän türgenler Garagum sährasynyň çäginde 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşar.

Ýurdumyzda şunuň ýaly ýaryşlary guramak üçin oňyn tejribäniň toplanandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisinde türkmen türgenleri sport ulaglaryna ussatlyk bilen erk edip, ýokary netijeleri gazandylar.

Halkara ýaryşlarynyň özboluşly dowamy bolan “Garagum-ýalkym” ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýeti bardyr.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli geçirilýän ýaryşlaryň ýurdumyzyň Içeri işler hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri guraýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bolsa şu ýaryşlaryň hemaýatkäri bolup çykyş edýär.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyza Sport-ulag merkeziniň ygtyýaryna täze gelip gowşan sport ulaglary barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzda tutuş dünýäde meşhurlyk gazanan awtomobil sportunyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, bu ugur boýunça degişli türgenleşikleri geçirmek we dürli derejedäki ýaryşlary guramak üçin mundan beýläk-de zerur şertleriň dörediljekdigine ünsi çekdi.

Iş maslahatynyň ahyrynda ministrlikleriň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzdan awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça guralýan ýurdumyzyň çempionatlaryna ak pata bermegini hem-de täze görnüşdäki ýokary tizlikli sport ulagyny synagdan geçirmegini haýyş etdiler.

Milli Liderimiz ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berip, merkeziň çäginde görkezilýän sport ulaglarynyň täze görnüşleri bilen tanyşdy.

Soňky ýyllarda milli Liderimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde, awtomobil sportunyň ösdürilýändigini we onuň öňünde giň mümkinçilikleriň açylýandygyny bellemeli. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýokary tizlikli täze görnüşli sport ulaglarynyň gelip gowuşmagy bilen bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyny üpjün edýär we türgenleriň hem-de tälimçileriň ussatlyk derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde, sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanmak hem-de ussat türgenleri taýýarlamak üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Türkmen türgenleri ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şunuň bilen birlikde, awtomobil sporty boýunça ýaryşlary guramaga niýetlenen halkara derejeli merkezler gurmak üçin oňaýly şertler döredilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz degişli taýýarlyk işlerini ýerine ýetirip, sport ulaglarynyň birini synagdan geçirdi. Milli Liderimiz sport ulagynyň tehniki häsiýetleri, aýratyn-da, tizligi artdyrmagyň mümkinçilikleri, onuň beýleki ulgamlary hem-de ulagda sürüji üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we sport ulaglaryny çylşyrymly ýollarda sürmekde ussatlyk derejesine eýe bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmagyna nusgalyk görelde görkezýändigini bellemeli.

Köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty bilen meşgullanyp, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär.

Milli Liderimiz ýokary tizlikli sport ulagyna ussatlyk bilen erk edip, birnäçe çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirdi.

Ýokary netijeli sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşýar, olaryň gazanan medallary we ýeňişleri eziz Diýarymyzyň abraýyny hem-de türkmenistanlylaryň ata Watanymyza buýsanjyny artdyrýar, milli sport mekdebini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Döwrebap sport-sagaldyş düzümlerini giňeltmek, olaryň dünýä ölçeglerine kybap gelmegi üçin düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdumyzda gurulýan bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisiniň taslamalary hökmany ýagdaýda örän gowy abzallaşdyrylan sport zallaryny, basketbol hem-de woleýbol meýdançalaryny, suwda ýüzülýän howuzlary, tennis kortlaryny we beýlekileri özünde jemleýär. Welaýatlaryň ählisinde iri ýaryşlary geçirmäge niýetlenen sport toplumlary gurulýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda dürli sport ýaryşlaryny, şol sanda halkara bäsleşiklerini geçirmäge aýratyn ähmiýet berýär, munuň üçin iň amatly şertler döredilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport — bu bütin dünýäde parahatçylygy hem-de dostlugy pugtalandyrmaga, halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga ýardam edýän jebisleşdiriji güýçdür.

Şu jähetden Türkmenistan sport diplomatiýasyny işjeň ösdürýär. Biziň ýurdumyz Halkara olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösmegine mynasyp goşant goşýar.

Bu ugurdaky abraýly guramalar, sport federasiýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk arkaly sportuň köpsanly görnüşleri, şol sanda awtomobil, hokkeý, buzda figuralaýyn typmak ýaly görnüşler ösdürilýär. Aşgabatda ajaýyp Olimpiýa şäherjigi hereket edýär. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Şonuň ýaly-da bu ýerde sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda ýurdumyzda awtosport güýçli depginde ösdürilýär. Biziň toparlarymyzyň ralli boýunça halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy, şonuň ýaly-da taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça 2018-nji ýylda geçirilen “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu öz gerimi hem-de ähmiýeti boýunça Aziýada ýolsuz ýerlerde guralan iň iri bäsleşik boldy. Bu uly ýaryş 20-den gowrak ýurduň, şol sanda Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Saud Arabystanynyň, Çehiýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki döwletleriň sportuň örän özüne çekiji görnüşiniň profesional hem-de höwesjeň türgenlerini birleşdirdi.

Ýaryşyň bir bölegi Garagum çölüniň çylşyrymly ýerlerinden geçdi. Türgenler ralliniň bu bölegini üstünlikli boýun egdirdiler, bu bolsa olaryň ýokary ussatlygyndan habar berýär. “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisi hem-de ýokarda agzalan iri halkara ýaryşlary tutuş dünýä bileleşigine olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarly ýurdumyzyň ägirt uly geljeginiň bardygyny görkezdi.

Milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde, Türkmenistanda sport muşdaklarynyň sany barha artýar hem-de jemgyýetde has uly ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sporty ösdürmegiň strategiýasyny işläp düzmegiň hem-de Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ornaşdyrylmagynyň esasy maksady sport we bedenterbiýe bilen köpçülikleýin meşgullanmagyň, esasan-da ösüp gelýän ýaş nesliň meşgullanmagynyň işjeň häsiýete eýe bolmagy üçin şertleri döretmekden ybaratdyr diýip nygtaýar.

Bu gün ýurdumyzda islendik adamyň halaýan sport görnüşi bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa olaryň beden taýdan sagdynlygyny oňat derejede saklamaga kömek edýär.

Ilatyň saglygyny goramak ileri tutulýan ugurlaryň biridir, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, umumymilli spartakiadalary guramak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Köpçülikleýin sport çärelerine kärhanalaryň we guramalaryň wekilleri, talyplar hem-de okuwçylar, welaýat, etrap we şäher häkimlikleriniň işgärleri gatnaşýarlar. Bu ýaryşlar türkmenistanlylaryň müňlerçesini gurşap alýar.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň saglygyň gözbaşydygyna, ony pugtalandyrmakda we öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegiň ýakyn ýardamçysy bolan sportuň gymmatyna juda oňat düşünýän döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň, milli Liderimiziň hem-de agzybir türkmen halkynyň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmasydygyny bellemek möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport awtoulagyny synagdan geçirip, ýurdumyzda awtosport boýunça çempionatlary geçirmäge ak pata berip, bu awtoulagy IIM-niň awtosport merkezine sowgat berdi.