«MYNASYP»: TIKINÇILIK USSAHANASYNYŇ ARASSA MATADAN ÜÝTGEŞIK BEZEGLI LYBASLARY

photo

Aşgabadyň «MYNASYP» tikinçilik ussahanasy moda muşdaklaryny lybaslaryň ýeke-täk görnüşleri bilen tanyşdyrdy.

Ussahananyň ýolbaşçylary Ejebaý Karyýewa bilen onuň gyzlary – Laçyn we Şirin –ýurtda ilkinjileriň biri bolup eşikleriň reňkli bezeginde 3D-parawuz işläp taýýarrladylar we ony üstünlikli ulandylar. Şonuň üçinem ussahananyň lybaslarynyň ähli görnüşi üýtgeşik dizaýnerlik işleri bilen bezelen.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ejebaý Karyýewanyň çykaran katalogynda baýramçylyk, sahna üçin, milli toý lybaslary, gündelik eşikler... bar.

Aşgabatly çeper elli zenanlaryň lybaslarynyň hemmesi arassa matadan tiklien. Özem owadan we göze gelüwli!

E. Karyýewa täze lybaslary tikmekde şifon we ýeňiljek ýüpek, panbarhat we týul, welwet we tafta, parça we atlas matalary ulanypdyr. Olaryň reňkleri tebigat öwüşginlerinden ugur alýar. Ýaşyl, goňras, melewşe, sary, çal... reňkli lybaslar hasam kän.

Altyn sapakly nagyşlar, akril reňkli žiwopis, göwrümli tornagyş, applikasiýalar, silikon, bezegli ýukajyk matalar, ýalpyldaýan daşlar, Swarovski kristallary... – bular ulanylýan serişdeleriň, matalara hakykata ýakyn we fantastik we hyýaly göwrümli suratlary salmak tilsimleriniň we usullarynyň... diňe käbiri.

Kolleksiýanyň arasynda kaşaň dabara we toý lybaslaryndan başga-da, 3D-parawuzly bezegler ulanylan gündelik geýilýän žaketli köýneklere we kurtkalara köp ýer berlipdir.

Geliniň parçadan adaty milli lybasy aýratyn orun tutýar. Gadymy, wizantiýa äheňlerine çenli romantik stilli kaşaň baýramçylyk kolleksiýasyny diýsene! Türkmen modelýeri adamlary eýýäm ençeme gezek şalara kybap nagyşly toý lybaslary bilen geň galdyrýar.

Adaty we hyýaly nagyşly ýaşyl hem gyzyl parça köýneklerdir donlar we kardiganlar Stambulda geçirilen «CNR FASHIONIST – 2019» sergisine gelenleri haýrana goýdy. Aşgabatly çeper elli zenanlar paýtagtda geçirilen sergilere gatnaşyp, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Diplomlaryna mynasyp boldular.

Ussahananyň ýolbaşşçysy Ejebaý Karyýewa bu käri bütin ömrüne paýtagtymyzyň baýry ussahanalarynyň birinde işlän ejesinden öwrenipdir. Indi ol öz bilýänlerini gyzlaryna öwredýär. Olaryň ulusy Laçyn mata saýlasa, Şirin olaryň modelini we dizaýnyny taýýarlaýar. Maşgala telekeçiliginiň maksady – modaly lybaslaryň görnüşlerini artdyrmak.

- Her lybasy taýynlamaga gaty kän wagt gidýär. Modelleriň dizaýnynam özümiz taýýarlaýarys, özümiz tikýärisem we nagyşlaýarysam. «MYNASYP» ussahanasynyň önümleriniň islegli bolaryny isleýäris. Indi toý we dabara lybaslaryny bize diňe bir moda halaýan zenanlarymyz däl, eýsem goňşy ýurtlardanam moda muşdaklary sargaýarlar – diýip Ejebaý gürrüň berýär.

Indi «MYNASYP» ussahanasynyň öz matalar we taýyn eşikler dükany, podiumy bar. Biz tabşyryklary alýarys, alyjylara modeliň fasonyny we dizaýnyny saýlamaga kömek edýäris. Şeýle hem Modalar öýüni döretmegi – döwrebap tikinçilik enjamlaryny satyn almagy we önümleri köpçülikleýin tikmegi göz öňünde tutýarys – diýip modelýer gürrüň berýär.