Mejlisde türkmen-rumyn parlamentara gatnaşyklaryň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

Mejlisde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli dabaralary gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Rumyniýanyň parlamentarileriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. 

Myhmanlar mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen deputatlaryny ýetip gelýän uly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. 

Duşuşyga gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşlerde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýol goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. 

Rumyn wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Baştutanynyň ýöredýän içeri hem-de daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda, şol sanda hukuk ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň maksatlary we wezipeleri bilen tanyşdylar. 

Şunuň bilen baglylykda, halkara hukugynyň umumylykda kabul edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak, raýat hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek babatda dünýä tejribesini öwrenmek, jemgyýetiň durmuşynda demokratik ýörelgeleri berkitmek, eneligi we çagalygy goramak, raýatlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak hem-de beýlekileriň Mejlisiň işiniň möhüm ugurlary bolup durýandygy bellenildi. 

Iki ýurduň kanunçykaryjylaryna ýardam etmek, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna, medeni--ynsanperwer, bilim we ylym, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklara aýratyn üns berildi. 

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, şol sanda dürli derejedäki wekiliýetleri alyşmak arkaly işjeňleşdirmek barada pikirlerini beýan etdiler. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hyzmat eder.